Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda miweli we saýaly agaçlary ösdürip ýetişdirmäge uly üns berilýär. Türkmenistanyň toprak-howa şertleri bagçylygy ösdürmek üçin örän amatlydyr. Bagçylygyň ösdürilmegi ýetişdirilýän miweli agaçlaryň ýagdaýyna we sortlarynyň kadaly gatnaşygyna bagly bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden kararlary esasynda daýhanlara ekerançylyk ýerleriniň uzak möhletleýin ulanmaga berilmegi, önüm öndürijileriň maliýe taýdan goldanylmagy, oba hojalyk tehnikalary, suw, tohum, himiki serişdeler bilen ýeterlik derejede üpjün edilmegi ekerançylyk, şol sanda miweçilik pudagynyň güýçli depginde ösdürilmegine mümkinçilik berýär.
Miweçilik girdejili pudaklaryň biri bolup, ýylyň dowamynda halkymyzyň ter miweler we ir-iýmişler bilen üpjün edilmegine goşant goşýar. Miweleriň düzüminde 75-90% suw, 15% beloklar, 5-23% şeker, 2-3% organiki kislotalar (limon, alma), ýaglar, ys beriji maddalar, dürli witaminler saklanýar.
Türkmenistanyň howa şertleri dürli görnüşli agaçlary ösdürmäge mümkinçilik berýär. Köpetdagyň salkyn eteklerinden başlap, Amyderýanyň boýlaryna, Sumbar jülgesiniň subtropiki zolagyndan Daşogzuň salkyn sähralaryna çenli her bir sebitde üýtgeşik hasyl alyp bolýar.
Eziz Diýarymyzda üzümçilik iň gadymy pudaklaryň biridir. Halk seçgiçileriniň tagallasy bilen kemala gelen «Gelinbarmak», «Terbaş», «Gara kişmiş» ýaly üzüm görnüşleri iriligi we tagamy bilen haýran galdyrýar. Daşoguz welaýaty özüniň sowuga çydamly we uzak wagtlap saklanýan almalary bilen meşhurdyr. Lebapda bolsa, armydyň şireli görnüşleri giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Bu miweler witaminlere baýlygy we iýmit siňdiriş ulgamyna peýdalylygy bilen adamlaryň saglygyny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Magtymguly etrabynda özboluşly mikroklimat bolup, bu ýerde ösýän narlar, injirler, hurmalar we hozlar dermanlyk häsiýetleri bilen tanalyp, şiresi we däneleriniň hili dünýä bazarynda bäsleşige ukyplydyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Hususy telekeçileriň tagallasy bilen müňlerçe gektar meýdanda baglar döredilýär. Suw serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy üçin damjalaýyn suwaryş ulgamlary ulanylyp, pes boýly agaçlaryň ekilmegi netijesinde 2-3 ýyldan soň bol hasyl alynmagy, miweleriň hilini ýitirmän saklanmagy üçin sowadyjy ammarlaryň gurulmagy azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi ugrunda edilýän giň gerimli işleriň netijesidir. Türkmenistan diňe içerki bazary miwe bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlara hem önümleri ugradyp başlady.
Türkmen bagbanlarynyň yhlasy bilen kemala gelýän miweler halkymyzyň saglygynyň we ýurdumyzyň berekediniň çeşmesidir. Her bir ekilen nahal geljek nesillere goýulýan iň uly mirasdyr.
Yhlasmyrat MEREDOW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby.
PDF









