Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti 8-nji fewrala bellenen möhletinden öňki ählumumy saýlawlary geçirmek maksady bilen 23-nji ýanwarda Wekiller palatasyny (parlamentiň aşaky palatasyny) ýatyrdy. Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň bellemegine görä, ses berişlik 8-nji fewralda bolar, saýlawdan öňki kampaniýa 27-nji ýanwarda başlanar. Onuň dowamlylygy bary-ýogy 16 gün bolar, bu bolsa Ýaponiýa üçin iň pes görkeziji bolar.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti öz kabinetiniň häzirki ýokary reýtinginden peýdalanmak maksady bilen, möhletinden öň saýlawlary geçirmek üçin aşaky palatany ýatyrmak baradaky kararyny mälim etdi.
Aşaky palatanyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagyna ýene iki ýyldan gowrak wagt bardy. Sanae Takaiti möhletinden öň saýlawlar baradaky kararyny oktýabr aýynda başlan premýer-ministrligine heniz halkyň doly goldawyny almandygy bilen düşündirdi. Şol wagt Liberal-demokratik partiýasyndan we “Ýaponiýany täzelemek jemgyýetinden” ybarat täze dolandyryjy koalisiýa düzülipdi.
Sanae Takaiti üçin bu Premýer-ministr hökmünde gatnaşjak ilkinji ählumumy saýlawlary bolar. Häzirki wagtda onuň dolandyryjy koalisiýasy Wekiller palatasynda diňe ujyply köplüge eýedir, maslahatçylar palatasynda bolsa azlykda galýar.
Şu aralykda, Ýaponiýanyň Konstitusion-demokratik partiýasynyň we “Komeýto” partiýasynyň birleşmegi bilen 165 deputatdan ybarat bolan “Sentrist reformalar alýansy” döredildi. Bu täze bileleşik öňdäki saýlawlarda dolandyryjy konserwatiw blokdan üstün çykmagy maksat edinýär.