Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 7-nji ýaryşy Akropolis Rallisi Gresiýada guraldy. Afinyda başlap, Lamiýada tamamlanan ýaryş 17 tapgyrdan we 345,76 kilometrden ybarat boldy.
Ýaryşda 4 sagat 12 minut 201 sekuntda tamamlan “Hyundai Shell Mobis” toparynyň estoniýaly piloty Ott Tanank 1-nji orny eýeledi. Bu onuň şu möwsümdäki ilkinji, karýerasy boýunça-da 22-nji ýeňşini gazandy. Tanakdan 32,8 sekunt yza galan “Toyota Gazoo Racing” toparynyň fransuz sürüjisi Sebastian Ožie 2-nji, ýeňijiniň topardaşy, başga bir fransiýaly pilot Adrien Furmo 3-nji orna mynasyp boldy. Sanawyň lideri Elfin Ewans (“Toyota Gazoo Racing”) bassyr 2-nji gezek 4-nji orny eýeledi.
Sürüjileriň sanawynda Ewans 150 utuk bilen iň öňde barýar. Ondan 9 utugy az Ožie 2-nji ýeri eýeleýär (141). 3-nji orundaky Ott Tanakyň 138 utugy bar.
Möwsümiň 8-nji ýaryşy 17-20-nji iýul aralygynda Estoniýanyň Tartu şäherinde geçiriler.
Foto: wrc.com saýtyndan alyndy.