«Gün­ba­ta­ryň tä­sin­li­gi» ady bi­len ta­nal­ýan Mon-Sen-Mi­şel ga­la­sy Fran­si­ýa­nyň Nor­man­di­ýa se­bi­tin­iň de­ňiz ke­na­ryn­da ýer­leş­ýär. Bu ta­ry­hy bi­na bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki 708-nji ýyl­da yba­dat­ha­na hök­mün­de gu­rul­ýar. 1023 – 1084-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da bol­sa bu ýer­de tä­ze ga­la gur­lup, Ro­ma­nesk we Got me­de­ni­ýet­le­ri­ne de­giş­li na­gyş­lar bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar. 7 gek­tar meý­da­ny tut­ýan bu ga­la dür­li ýyl­lar­da dür­li mak­sat­lar­da ula­nyl­ýar. Mon-Sen-Mi­şel ga­la­sy 1979-njy ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­ýär. Mon-Sen-Mi­şel aý­la­gy­nyň or­ta­syn­da ýer­leş­ýän ýa­dy­gär­li­giň dü­zü­min­de 60-dan gow­rak bi­na go­ral­ýar. Ga­la­nyň iň be­ýik no­ka­dy 92 met­re ýet­ýär. Tä­sin ga­la­ny ýa­kyn­dan syn­la­mak üçin her ýyl 3 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy bar­ýar.
Deň­ze go­laý ýer­de, ga­ýa­nyň üs­tün­de ýer­leş­ýän ga­dy­my ga­la edil hy­ýa­ly er­te­ki­ler­dä­ki köş­ge meň­ze­ýär. De­ňiz bi­len da­şyň ut­gaş­ma­syn­dan dö­rän bu tä­sin­lik er­te­ki­ler­dir mult­film­ler­de hem be­ýan edil­ýär. Mon-Sen-Mi­şel ga­la­sy Dis­ne­ýiň «Tang­led» (2010) mult­fil­min­de Pa­ty­şa­lyk köş­gi hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýar. «Üç muş­ket­ýor: Mik­ki, Do­nald we Gu­fi» (2004) mult­fil­min­dä­ki wa­ka­lar hem bu ga­la­da bo­lup geç­ýär. Mun­dan baş­ga-da, mult­film­le­riň we wi­deo oýun­la­ry­nyň bir­nä­çe­sin­de Mon-Sen-Mi­şel ga­la­sy owa­dan sah­na hök­mün­de gör­ke­zil­ýär.