Şu gün UEFA Çempionlar Ligasynyň 70-nji möwsüminiň finaly Germaniýanyň Münhen şäherindäki “Allianz Arena” stadionynda oýnalar. 00:00-da başlanjak finalda Fransiýanyň PSŽ topary bilen Italiýanyň “Inter” topary duşuşar. Oýna rumyniýany Iştwan Kowaç eminlik eder.
Mundan öň Germaniýanyň Münhen şäheri Çempionlar Ligasynyň finalyny 4 gezek kabul etdi. Şolaryň 3-si “Bawariýa” toparynyň ozalky stadiony “Olympiastadion”-da geçirildi. Iň soňkusy bolsa “Allianz Arena”-da oýnaldy. Münhen şäherinde oýnalan şol final oýunlarynyň 4-sinde hem täze çempion ýüze çykdy. 1979-njy ýylda Angliýanyň “Nottingam Forest” topary Şwesiýanyň “Malmö” toparyny 1-0 ýeňip, ilkinji kubogyny gazanypdy. 1993-nji ýylda-da ýaryş UEFA Çempionlar Ligasy ady bilen geçirilip başlanan ilkinji möwsüminde Fransiýanyň “Marsel” topary Italiýanyň “Milanyny” 1-0 hasabynda utupdy. Şu gezek hem fransuz hem-de italýan klublary duşuşyp, mundan 32 ýyl ozalky oýunda fransuz üstün çykypdy. Bu fransuzlaryň şu ýaryşdaky häzirlikçe ýeke-täk kubogydyr. 1997-nji ýylda Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” topary Italiýanyň “Ýuwentus” toparyny 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. 2012-nji ýylda-da “Çelsi” “Allianz Arena”-da ýer eýesi “Bawariýany” soňky minutlarda hasaby deňläp, penaltileriň netijesinde garşydaşyndan üstün çykypdy we bu ýaryşdaky ilkinji kubogyny gazanypdy.