Dünýä ýazyjylarynyň 10 müňüsi emeli aň (EA) ulgamyndaky öňdebaryjy işläp düzmelerde öz eserleriniň bikanun peýdalanmagyna garşylyk hökmünde «boş» kitap çap etdirdi. Bu barada “Guardian” neşiri habar berdi.
Kitaby neşir edenleriň arasynda meşhur häzirki zaman ýazyjylary Kadzuo Isiguro, Filippa Gregori, Riçard Osman dagy hem bar. Diňe awtorlaryň sanawy ýerleşdirilen täze neşir «Bu kitaby ogurlama» diýlip atlandyryldy.
Täze kitap Beýik Britaniýanyň Hökümetiniň Awtorlyk hukugy barada kanuna teklip edilen üýtgetmeler boýunça ykdysady çykdajylary bahalandyrmagyndan bir hepde öň Londonda geçjek kitap ýarmarkasynda paýlanar.
«Boş» kitabyň forzasynda: «Beýik Britaniýanyň Hökümeti emeli aň bilen meşgullanýan kompaniýalaryň bähbidine kitap ogurlyklaryny kanunlaşdyrmaly däldir» diýlen ýazgy ýerleşdirilipdir.
“EA senagaty hiç hili rugsatnamasyz ýa-da öweztölegsiz ogurlanan kitaplardan gurnalandyr” diýip, awtorlyk hukugyny goramak boýunça hereketiň agzasy, kompozitor Ed Nýuton-Reks gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, ilkibaşda adamlardan öwrenen EA adamlaryň bähbitlerini bozýar.
PDF









