Dünýäniň iň howply adasy

7

Bra­zi­li­ýa­nyň San-Pau­lu şta­tyn­da, Itan­ýa­en bi­len Pe­rui­bi şä­her­le­ri­niň ara­ly­gyn­da, ke­nar­dan 35 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýän Keý­ma­da-Gran­di ada­sy bar­ma­sy ga­da­gan edi­len ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Halk ara­syn­da «Ýy­lan ada­sy» ady bi­len ta­nal­ýan bu ada­da adyn­dan bel­li bol­şy ýa­ly, zä­her­li ýy­lan­la­ryň 40-dan gow­rak gör­nü­şi ýa­şa­ýar. Dün­ýä­niň iň howp­ly ada­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Keý­ma­da-Gran­di ada­syn­da, tak­my­nan, 430 müň ýy­la­nyň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Bu ada­da dün­ýä­de seý­rek duş gel­ýän we ada­ty ýy­lan­lar­dan 12-20 es­se güýç­li zä­he­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýan al­tyn­sow naýza­baş ýy­lan (Both­rops in­su­la­ris) hem ýa­şa­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, uzyn­ly­gy 1 müň 500 we ini 500 metr­lik ada­nyň her gek­ta­ry­na 45 ýy­lan düş­ýär. Balykçylar tarapyndan «Ölüm ada­sy» di­ýlip at­lan­dyryl­ýan bu ýe­re ýa­şaý­jy­la­ra we sy­ýa­hat­çy­la­ra ba­ryp gör­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär.
43 gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýän ada­nyň res­mi at­lan­dy­ry­ly­şy «Il­ha Quei­ma­da Gran­de» bo­lup, «Be­ýik ot ada­sy» diý­me­gi aň­lad­ýar. Ir­ki ýyl­lar­da ba­lyk­çy­lar we ba­nan ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek is­le­ýän eke­ran­çy­lar bu ada gir­mek üçin ot ula­nyp­dyr­lar. Ot ýa­kyp ada­dan ýy­lan­la­ry kow­ma­ga sy­na­ny­şyp­dyr­lar. Em­ma bu ba­şa bar­man­dyr. Ada­da ýe­ke-täk howp di­ňe ýy­lan­lar däl. Içim­lik su­wu­nyň bol­maz­ly­gy, dik ga­ýa­lar bi­len gur­şal­ma­gy we Gün şöh­le­si­niň dik ýo­kar­dan düş­me­gi (örän ys­sy) ada­ny iň howp­ly ýer­le­ri­ň bi­ri­ne öwür­ýär. Ada­nyň ýo­kar­ky bö­le­gi­ni – ga­ýa­la­ryň üs­tü­ni ýa­gyş to­kaý­la­ry tut­ýar. Ga­lan bö­le­gi­ni bol­sa gu­rak ga­ýa­lar we açyk ot­ly meý­dan­lar eme­le ge­tir­ýär.

Ada nä­dip köp ýy­lan gel­di?
Halk ara­syn­da (bra­zil­ler) aý­dyl­ýan gür­rüň­le­re gö­rä, ir­ki ýyl­lar­da ga­rak­çy­lar al­tyn­la­ry­ny bu ada ge­ti­rip, ha­zy­na­ny go­ra­mak üçin köp san­ly ýy­lan goý­be­rip­dir­ler. Em­ma ha­ky­kat­da bu baş­ga­ça. Tak­my­nan, 11 müň ýyl mun­dan ozal dö­rän ada de­ňiz su­wu­nyň pe­sel­me­gi bi­len te­bi­gy gur­şa­wa öw­rül­ýär. Ilat­ly no­kat­dan uzak­da ýer­leş­ýän ada müň­ler­çe ýyl­lap ada­myň bar­maz­ly­gy ýy­lan­la­ryň çalt kö­pel­me­gi­ne ge­ti­rip­dir. Hat­da bu ada­da ýy­lan­la­ra howp sal­ýan ýyr­ty­jy jan­dar hem ýok. Al­tyn­sow naýza­baş ada­da iň köp duş gel­ýän ýy­la­nyň gör­nü­şi bo­lup, sa­ny­nyň 2-4 müň ara­ly­gyn­da­dy­gy çak­la­nyl­ýar. En­de­mik süý­re­ni­ji ha­sap­lan­ýan al­tyn­sow naýza­baş ýylan ada­nyň ýa­gyş to­kaý­la­ryn­da ýaşaýar. Go­wy teň­ňe­li sa­rym­tyl ýy­la­nyň esa­sy iý­mi­ti ser­çä meň­zeş (kra­piw­nik we ele­ni­ýa) ki­çi­jik guş­lar­dyr.