Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-de 22-nji tapgyryň ilkinji 2 duşuşygynda 3-1-lik netije hasaba alyndy. Sanawyň lideri PSŽ myhmançylykda “Renn” toparyndan 3-1 hasabynda asgyn geldi. Ýer eýeleriniň artykmaçlygynda geçen oýunda “Renn” toparynyň gollaryny Al-Tamari (34), Lepol (69) hem-de Embolo (81) geçirdi. Parižlileriň ýeke-täk goluny bolsa Usman Dembele öz adyna ýazdyrdy. PSŽ şu möwsümde 3-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Şu gije “Lans” myhmançylykda “Pariž” toparyny ýeňse PSŽ-niň ornuna birinji orna beýgeler.

Şeýle-de “Monako” öz meýdançasynda “Nant” toparyny Adingra (25, 28) hem-de Zakariýanyň (30) gollary esasynda 3-1 hasabynda utdy.