Pil­ler örän ýat­keş we akyl­ly jan­dar ha­sap­lan­ýar. Äpet jan­dar­lar suw iç­ýän ýe­ri­ni, iý­mit­len­ýän meý­da­ny­ny we howp­ly zat­la­ry uzak wagt­lap ýat­da sak­la­ýar­lar. Alym­lar Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň Krýu­ger mil­li se­ýil­gä­hin­de üç aý­lyk meý­dan sy­nag­la­ry­ny ge­çir­di­ler. Bi­ler­men­ler Af­ri­ka­da ýa­şa­ýan pil­le­riň (Loxodon­ta af­ricana) ha­ky­kat­dan hem ary­lar­dan gork­ýan­dy­gy­ny anyk­la­mak üçin se­ýil­gäh­dä­ki agaç­la­ryň kä­bi­rin­de bal ary­la­ry­nyň öý­le­ri­ni as­dy­lar. Bir­nä­çe gün­den soň pil­ler agaç­la­ryň aşa­gy­na kö­le­ge­le­mä­ge gel­di­ler. «Cur­rent Bio­lo­gy» žur­na­lyn­da çap edi­len ha­ba­ra gö­rä, sy­na­ga gat­na­şan 29 pi­liň 25-si az sa­lym­dan ary­nyň ysy­ny we wyz­zyl­dy­sy­ny du­ýup, çalt­lyk bi­len ga­çyp git­di. Ga­lan 4-si bol­sa, dynç al­şy­ny do­wam et­dir­di. Sy­nag ge­çi­ri­ji­ler mu­ňa örän geň ga­lyp, şeý­le ne­ti­jä gel­di­ler.
Pil­ler ary ça­kan­da dö­re­ýän agy­ry­ny hiç ha­çan ýat­dan çy­kar­ma­ýar­lar. Ga­çyp gi­den pil­le­ri öň ary ça­kan bol­ma­ly. Äpet jan­dar­lar şol se­bäp­li ary­dan go­ran­mak üçin çalt­yk bi­len gaç­dy­lar. Sü­rü­den aý­ry­lyp ga­lan pil­leri en­tek ary çakmadyk bol­ma­ly. Şol se­bäp­li olar dynç al­ma­gy­ny do­wam et­dir­di­ler.
Alym­lar in­di­ki sy­nag­da aga­jyň şa­ha­syn­dan ary­la­ryň boş öý­jük­le­ri­ni asyp çyk­dy­lar. Öý­jük­le­riň kä­bi­rin­de bal hem bardy. Bu ge­zek pil­ler aga­jyň aşa­gy­na ge­len­le­rin­de gaç­ma­dy­lar. Hat­da pil­le­riň bir­nä­çe­si öý­jük­le­re asy­ly­şyp, ba­ly hem da­dyp gör­di. Bi­ler­men­ler bu ýag­da­ýy syn­lap, pil­le­riň örän güýç­li ys alyş we eşi­diş uky­by­nyň bar­dy­gy­na göz ýe­tir­di­ler. Bu sy­nag­da pil­ler ary­la­ryň ysy­ny we se­si­ni duý­man­dy­gy se­bäp­li, how­puň ýok­du­gy­na göz ýe­tir­di­ler.
Umu­man, pil­ler örän duý­gur jan­dar­lar bo­lup, uzak­da­ky ysy ýa-da pes ýy­gy­lyk­da­ky se­si du­ýup bil­ýär­ler. Pil­le­riň de­ri­si­niň ga­lyň­ly­gy­na ga­ra­maz­dan, örän ýum­şak we nä­zik bol­ýar. Şol se­bäp­li pil­ler en­da­my­na de­gen ki­çi­jik za­dy hem du­ýup bil­ýär­ler.
Af­ri­ka­ly daý­han­lar ekin meý­dan­la­ry­na pil­le­riň gir­mez­li­gi üçin tö­we­re­gin­de bal ary­la­ry­ny sak­la­ýar­lar. Bu bol­sa pil­le­riň ekin­le­ri za­ýa­la­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Pil­le­riň tä­sin dün­ýä­si

Dün­ýä­niň iň uly gu­ry ýer süý­dem­di­ri­ji­si bolan piller uzak ara­lyk­dan ara­gat­na­şyk sak­lap bil­me­gi we ösen ýat­keş­li­gi bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Bu jan­dar­lar bi­ri-bi­ri­ni, iýmitlenýän meý­da­ny­ny we suw iç­ýän çeş­me­si­ni uzak wagt­lap ýat­da sak­lap bil­ýär­ler.
Ägirt uly beý­ni­si bo­lan pil­ler akyl­ly jan­dar ha­sap­lan­ýar. Pil­le­riň ýü­re­gi­niň ag­ra­my 12-21 ki­log­ra­ma, beý­ni­si­niň ag­ra­my bol­sa 4,8-5 ki­log­ra­ma ýet­ýär.
Pil­ler pes ýy­gy­lyk­da­ky ses­le­ri ula­nyp, bi­ri-bi­ri bi­len ara­gat­na­şyk sak­la­ýar­lar. «Inf­ra­ses» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu ses­ler ýer­de we ho­wa­da bir­nä­çe ki­lo­met­re çen­li ýaý­rap gid­ýär. Bu bol­sa äpet süý­dem­di­ri­ji­le­riň has uzak­da­ky pil sü­rü­le­ri bi­len ara­gat­na­şyk sak­la­ma­gy­na, howp aban­ýan­dy­gyn­dan ha­bar­dar bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Pi­liň ça­ga­sy dog­lan­dan ba­ry-ýo­gy 20 mi­nut­dan soň aýak üs­tü­ne gal­ýar, 45-60 mi­nut­dan soň ýö­räp, 2 gün­den soň sü­rä go­şu­lyp «sy­ýa­hat» edip baş­la­ýar.
Pil­le­riň ki­çi­jik wag­ty kel­le­sin­de, ar­ka­syn­da we gar­nyn­da tüý ör­tü­gi bol­ýar. Ula­lansoň bol­sa tüý­le­ri düş­ýär.
Äpet jan­dar­la­ryň de­ri­si örän nä­zik bo­lup, ga­lyň­ly­gy 2,5 san­ti­met­re ýet­ýär. Pi­liň de­ri­si­niň köp bö­le­gin­de suw sak­la­ýan ýum­şak ga­syn­la­ry bol­ýar we tom­suň jöw­za­syn­da de­ri­ni sal­kyn saklamaga kö­mek ed­ýär.
Pil­ler aşa gyz­gyn ho­wa çy­dam edip bil­me­ýär­ler. Şol se­bäp­li bu jan­dar­lar Gün şöh­le­sin­den go­ran­mak üçin bat­ga­lyk­la­ra ba­ryp, en­da­my­na ýy­gy-ýy­gy­dan pal­çyk çal­ýar­lar.
Pil­ler bö­küp ýa-da yl­gap bil­me­ýär­ler. Äpet jan­dar­lar örän çalt ýöreýärler. Pil­ler ök­de ýü­zü­ji­ler ha­sap­lan­ýar. Aýak­la­ry­ny kü­rek ýa­ly ula­nyp, 6 sa­ga­da çen­li su­wuň için­de he­re­ket edip bil­ýär­ler.
Pil­le­riň hol­tu­myn­da müň­ler­çe myş­sa bo­lup, örän duý­gur bol­ýar. Sal­py gu­lak­ly jan­dar­lar hol­tu­my bi­len dem al­mak bi­len bir ha­tar­da, ys al­mak, suw iç­mek, iý­mit iý­mek, tut­mak we ur­mak ýa­ly he­re­ket­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.
Esa­sy iý­mi­ti ot, aga­jyň ga­by­gy, kök we ter ýap­rak bo­lan pil­ler her gün 16-18 sa­gat iý­mit­len­ýär­ler. Her gün or­ta­ça 136-170 ki­log­ram iý­mit iý­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, pil­ler iý­mi­ti örän ha­ýal siň­dir­ýär­ler.
Pil­ler sü­ri bo­lup ýa­şa­ýar­lar. Beý­le­ki jan­dar­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da sü­ri ur­ka­çy pil ta­ra­pyn­dan do­lan­dy­ryl­ýar.
Ag­ra­my 2,5 ton­na­dan 6,5 ton­na çen­li ýet­ýän äpet jan­dar­lar Sa­ha­ra çö­lü­niň gü­nor­ta­syn­da, Gü­nor­ta we Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da ýa­şa­ýar. Pil­ler Af­ri­ka­nyň 37, Azi­ýa­nyň 13 ýur­dun­da duş gel­ýär.