Ýer ýü­zü­niň 71 gö­te­ri­mi­ni um­man­lar eme­le ge­tir­ýär. Şor suw­ly de­ňiz­dir um­man­lar ýa­şa­ýyş çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. Em­ma hä­zir­ki wagt­da um­man­la­ryň 80 gö­te­rim­den gow­ra­gy açyl­ma­dy. Um­man­la­ryň di­ňe 7 gö­te­ri­mi go­ral­ýan çäk­de ýer­leş­ýär. Adam­za­dyň kos­mo­sa çy­ka­ny­na 60 ýyl­dan gow­rak, Aýa aýak ba­sa­ny­na ýa­rym asyr­dan gow­rak wagt ge­çen hem bol­sa, um­man­la­ryň düý­bün­de ba­ryl­ma­dyk ýer hä­zi­rem az däl. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Aýyň di­ňe bir ta­ra­py bi­ze gö­rün­ýär. Aýyň bi­ze gö­rün­me­ýän ta­ra­py he­mi­şe ga­raň­ky bol­ýar. Bar­ma­sy kyn bo­lan Aýyň ga­raň­ky ta­ra­py­na hem adam eli bi­len ýa­sa­lan en­jam ibe­ril­di. Mu­ňa ga­ra­maz­dan de­ňiz­ler ýe­ter­lik de­re­je­de öw­re­nil­me­di.
Um­ma­nyň çuň­luk­la­ry­na ara­laş­ma­gyň kä­bir kyn ta­rap­la­ry bar. Mu­nuň esa­sy se­bä­bi um­ma­nyň fi­zi­ki şert­le­ri ha­sap­lan­ýar. Su­wuň çuň­lu­gy­na çü­mül­di­gi­çe Gün şöh­le­si ýet­me­ýän­di­gi se­bäp­li ga­raň­ky bo­lup baş­la­ýar, suw so­wa­ýar, ba­syş ýo­kar­lan­ýar. Adat­ça ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy 0 de­re­je­den pes bol­sa suw doň­ýar. Em­ma de­ňiz su­wy şor bo­lan­soň 0 de­re­je­den pes hem bol­sa doň­ma­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, um­ma­nyň düý­bü­ne bar­mak, kos­mo­sa çyk­mak­dan hem kyn bol­ýar. 1969-njy ýyl­dan bä­ri Aýa je­mi 12 adam aýak bas­dy. Em­ma um­ma­nyň iň çuň ýe­ri bo­lan Ma­ria­na çö­ket­li­gi­ne ba­ry-ýo­gy 3 adam ýö­ri­te ýa­sa­lan su­was­ty gä­mi bi­len ba­ryp gör­di. Soň­ky öl­çeg­le­re gö­rä, bu çu­ku­ryň çuň­lu­gy 10 müň 994 metr, ýag­ny su­wuň ýü­zün­den aşak­ly­gy­na 11 ki­lo­met­re go­laý git­me­li. Bu ýer­dä­ki ba­syş 50 uça­ryň ag­ra­my­na ba­ra­bar. Bu ba­sy­şa çy­dam­ly se­riş­dä­ni ýa­sa­mak aň­sat däl.
El­bet­de, su­wuň düý­bü­ni öw­ren­mek üçin di­ňe çüm­mek ýe­ter­lik däl. Il­ki um­ma­nyň aşa­gy ýö­ri­te en­jam­lar ar­ka­ly bar­la­nyp, be­ýik­li-pes­li ýer­le­ri jik­me-jik öw­re­nil­ýär. Su­wuň düý­bi hem edil gu­ry ýer ýa­ly be­ýik­li-pes­li dag­lar­dan we çu­kur­lar­dan eme­le ge­len. Em­ma um­man­la­ryň düý­bü­niň kar­ta­sy en­tek do­ly taý­ýar edil­me­di. Şeý­le kar­ta­ny taý­ýar­la­mak üçin ra­dio tol­kun­ly en­jam­lar­dan peý­da­lan­ma­ly bol­ýar. Ra­dio tol­kun­la­ry­nyň um­ma­nyň düý­bü­ne ara­laş­ma­gy aň­sat bol­man­soň, bu kar­ta­ny taý­ýar­la­mak uza­ga çek­ýär. Bi­ler­men­ler um­man­la­ryň 20 gö­te­ri­min­den az bö­le­gi­niň kar­ta­sy­nyň taý­ýar­la­nan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Um­man­lar­da 1,35 mil­liard kub ki­lo­metr su­wuň bar­dy­gy aý­dyl­ýar. Dün­ýä um­man­la­ry­nyň or­ta­ça çuň­ly­gy 3 700 met­re ba­ra­bar.
Ýu­waş um­ma­ny Ýer ýü­zün­dä­ki iň uly um­man bo­lup, pla­ne­ta­myz­da­ky su­wuň ýa­ryn­dan gow­ra­gy­ny sak­la­ýar. Dün­ýä­niň äh­li yklymlarynyň ke­na­ry bu um­ma­na çyk­ýar.
Şeý­le hem kos­mos gi­ňiş­li­gi ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri adam­za­dyň ün­sü­ni özü­ne çe­kip­dir. Mun­dan baş­ga-da, kos­mos ara­gat­na­şyk we beý­le­ki yl­my iş­ler üçin has köp peý­da­la­nyl­ýan­dy­gy üçin köp öw­re­nil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da de­ňiz­le­ri öw­ren­mek üçin eme­li hem­ra­lar­dan hem has köp peý­da­la­nyl­ýar.