Syn eden bolsaňyz, käbir uçar howada ak çyzyk goýup gidýär. Bu ak çyzyklar kondensasiýa ýoly bilen peýda bolýan «asman sungaty» hasaplanýar. Kondensasiýa hadysasy gazly maddanyň suwuk damjalara öwrülmegidir. Ýagny Ýerdäki suw molekulalary ýokary göterilip, atmosferada toplanýar. Bu molekulalar birleşip, dykyz damjany emele getirýär. Buludy hem muňa mysal getirip bolar. Bu hadysada energiýa bugdan çykýar.
Howada birnäçe kondensasiýa ýollary bar. Eger-de uçar şol ýollaryň birinden geçýän bolsa, onda howada ak çyzyklar emele geler. Sebäbi uçaryň hereketlendirijisiniň howa goýberýän gyzgynlygy esasynda, ýagny atmosfera damjalarynyň uçardan bölünip çykýan gazlar bilen birleşmegi esasynda bugarma hadysasy (kondensasiýa) bolup geçýär. Ak çyzyklar sulfatlardan we nitratlardan ýasalyp, howanyň otnositellik çyglylygy 100 göterimden geçende emele gelýär.
Üç görnüşi bar
Uçaryň goýup gidýän ak çyzyklary 3 görnüşde bolýar. Olaryň birinjisi 2-3 minut howada görünýän ak çyzyklar bolup, uçar asmandan geçen badyna ýitýär. Munda uçaryň üstünden geçýän howa massasy gaty gurak bolup, diňe az mukdarda suw bugy kondensasiýa bolýar. Ikinji görnüşde uçar geçip gideninden bir-iki sagatdan soň hem ak çyzyklar öçmän durýar. Uzak wagtlap saklanýan bu hadysada uçar köp mukdarda suw buglaryndan ýa-da buzly atmosferadan geçýär. Gazlar bilen garyşan buzuň eremegine köp wagt gerek bolandygy üçin ak çyzyklar uzak wagtlap saklanýar. Üçünji görnüşde ak çyzyklar daş-töwerege ýaýraman, bulut ýaly bir ýerde jemlenýär. Bu hadysa atmosferada bulaşyk görnüşli ak meýdany emele getirýär.