Dün­ýä­niň köp ýer­le­rin­de yl­my taý­dan su­but et­me­gi aň­sat bol­ma­dyk te­bi­gy ha­dy­sa­la­ra ýa-da ge­og­ra­fik şe­kil­le­re ga­bat gel­mek bol­ýar. Şo­la­ryň bi­ri hem Na­mi­bi­ýa­nyň giň düz­lük­le­rin­de ýer­leş­ýän «pe­ri hal­ka­la­ry­dyr». On­lar­ça ki­lo­met­re uzap gid­ýän we bel­li bir ara­lyk­da ýer­leş­ýän bir­meň­zeş şe­kil­le­riň nä­hi­li eme­le ge­len­di­gi ýa­rym asyr­dan bä­ri öw­re­nil­ýär­di. Ger­ma­ni­ýa­nyň Gýot­tin­gen uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri­niň bu açy­şy et­me­gin­de se­bit­de yz­ly-yzy­na iki ýyl ýa­gy­nyň köp ýag­ma­gy­nyň tä­si­ri uly bo­lup­dyr. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da hal­ka­la­ryň için­dä­ki ot­la­ryň ýa­gyş­dan soň­ra bir­den gu­ran­dy­gy­ny, ot bit­me­ýän te­ge­lek ýer­le­riň eme­le gel­me­gi­ne ter­mit­le­riň tä­si­ri­niň ýok­du­gy anyk­lan­dy.
Yzy­gi­der­li ge­çi­ri­len öl­çeg­ler­de hal­ka­la­ryň tö­we­re­gin­dä­ki ot­la­ryň kök­le­ri­niň için­dä­ki su­wy özü­ne çe­kip, ot­la­ryň gu­ra­ma­gy­na se­bäp bol­ýan­dy­gy anyk­lan­dy.

Ogul­ja­han GUR­BA­NO­WA,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.