«Alef Aeronautics» kompaniýasy adaty ýol hereketinde sürüp bolýan, şeýle hem uçýan awtoulagyny tanyşdyrdy. Şeýle ulaglaryň ilkinjileriniň biri bolan «Terrafugia» 2009-njy ýylda tanyşdyrylypdy. Şondan bäri uçýan taksileriň birnäçe görnüşi synagdan geçirilen hem bolsa, uçýan awtoulag öndürýän kompaniýalaryň sany garaşylyşy ýaly köpelmedi. Täze tanyşdyrylan nusgalyk ulagyň ýol hereketinde dyknyşyk bolan ýagdaýynda uçmaga niýetlenendigi mälim edildi. «Alef Model A» atly modeliň käbir bölegi howanyň geçmegi üçin «örülen» şekilde ýasalypdyr. Top şekilli uçýan ulagy öndüren kompaniýanyň ýolbaşçysy Jim Duhownyý bir orunlyk ulag barada maglumat berdi. Inženerler kiçi tigirleri bolan ulagyň ikinji nusgasyny işläp taýýarlamaga girişipdirler.
Maksat HOJANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
PDF









