2000-nji ýyl­da Mek­si­ka­nyň Naý­ka şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky da­gyň düý­bün­de tun­nel gazyjylar ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da tä­sin go­wa­gyň üs­tün­den bar­dy­lar. Tunnel gazyjylar ul­la­kan ak hrus­tal daş­la­ry bi­len be­ze­len go­wa­ga gi­ren­le­rin­de bir­ba­da gö­zü­ne ynan­ma­ýar­lar. Uzyn­ly­gy 109 met­re ýet­ýän hrus­tal go­wa­gyň için­de sal­la­ny­şyp du­ran ak daşlaryň iň ulu­sy­nyň uzyn­ly­gy 12 met­re, dia­met­ri 1 met­re ýet­ýär. Mag­dan­çy­la­ryň el çy­ra­la­ry­na şöh­le sa­çyp du­ran gym­mat ba­ha­ly daş­lar go­wa­gyň äh­li ýe­rin­de bar. 290 metr ýe­riň çuň­lu­gyn­da ýer­leş­ýän hrus­tal go­wak gu­şuň hö­würt­ge­si­ne meň­zeş şe­ki­le eýe­dir. «In­dust­ri­as Peñoles» mag­dan­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan öz­leş­di­ril­ýän go­wa­gyň ýo­kar­syn­da­ky dag­dan gur­şun, sink, kü­müş ýa­ly ele­ment­ler hem ga­zy­lyp alyn­ýar bar.
Alym­la­ryň pi­ki­ri­çe, 26 mil­li­on ýyl mun­dan ozal Mek­si­ka­nyň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da bo­lup ge­çen wul­kan ha­dy­sa­syn­dan soň, mag­ma gat­la­gy­nyň mi­ne­ral suw (kal­siý sul­fat) we hek (se­le­nit) bi­len tä­sir­leş­me­gi ne­ti­je­sin­de hrus­tal go­wak eme­le ge­lip­dir. Göw­rü­mi 5-6 müň kub met­re ba­ra­bar bo­lan hrus­tal sak­lan­ýan bu go­wak dün­ýä­niň iň uly hrus­tal go­ry ha­sap­lan­ýar. Hrus­tal go­wa­gyň umu­my tem­pe­ra­tu­ra­sy or­ta­ça 56 de­re­je­de sak­lan­ýar. Hrus­tal­dan, esa­san, gap-gaç­lar­dyr gym­mat ba­ha­ly şaý-sep­ler ýa­sal­ýar.