Nebite isleg ýokarlanar

107

Hal­ka­ra Ener­gi­ýa Agent­li­gi 2023-nji ýyl­da ne­bi­te bo­lan is­le­giň ozal­ky çak edi­li­şin­den gün­de­lik 100 müň bar­rel köp bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Agent­li­giň ýaý­ra­dan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ne­bi­te bo­lan is­leg bu ýyl ge­çen ýyl­da­ky bi­len de­ňeş­di­ri­len­de gün­de­lik 2 mil­li­on 33 müň bar­rel ar­typ, 102 mil­li­on bar­re­le ýe­ter. Mun­dan ozal­ky taý­ýar­la­nan mag­lu­mat­da bu gör­ke­zi­ji gün­de­lik 101 mil­li­on 920 müň bar­rel diý­lip kes­git­le­nip­di. Şeý­le­lik­de, ne­bi­tiň ar­ty­şy­nyň ozal­ky çak edi­li­şin­den 100 müň bar­rel tö­we­re­gi ar­tyk bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Ne­bi­te bo­lan is­le­giň art­ma­gyn­da ho­wa gat­naw­la­ry­nyň ýo­la ozal­ky­sy ýa­ly go­ýul­ma­gy­nyň hem-de Hy­taý­da­ky is­le­giň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň tä­si­ri­niň bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di.
Ge­çen aý­da ne­bi­te bo­lan is­leg ozal­ky aý­da­ky­dan 830 müň bar­rel ar­typ, 101 mil­li­on 550 müň bar­rel bo­lup­dyr.
Şeý­le hem Ne­bi­ti eks­port ed­ýän ýurt­lar gu­ra­ma­sy­nyň (OPEC) gün­de­lik önüm­çi­li­gi few­ral aýyn­da ozal­ky aý­da­ky­dan 70 müň bar­rel ar­typ, 29 mil­li­on 17 müň bar­rel bo­lup­dyr.

Ju­ma­gel­di Aman­gel­di­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.