Eziz Wa­ta­ny­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy ul­gam­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ne­bit­gaz pu­da­gy­ny kö­pu­gur­ly ös­dür­mä­ge, kä­mil hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­ga uly üns be­ril­ýär.
Te­bi­gy ga­zy gaý­ta­dan iş­läp, dün­ýä ba­za­ryn­da is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­ri ön­dür­ýän döw­re­bap gaz­hi­mi­ýa top­lum­la­ry gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­ýär. Ne­bit we gaz ýa­tak­la­ryn­da döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra, yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­na, san­ly çöz­güt­le­re esas­lan­ýan iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mil­li gaz­hi­mi­ýa we ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak­la­ryň gel­je­gi uly bo­lan me­ýil­na­ma­la­ry eko­lo­gik dü­züm bi­len berk bag­ly­dyr. Ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri ga­zy­lyp al­nan­da, önüm­çi­li­ge ne­ti­je­li go­rag se­riş­de­le­ri or­naş­dy­ry­lan­da eko­lo­giýa tö­wek­gel­çi­lik­le­rini azalt­mak, döw­re­bap do­lan­dy­ryş çöz­güt­le­ri­ni ulan­mak üçin hal­ka­ra dü­züm­ler bi­len hyz­mat­daş­lyk gi­ňel­dil­ýär.
Şu ýy­l ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gyn­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Muny 5 aýyň do­wa­myn­da gazanylan ne­ti­je­ler hem do­ly su­but ed­ýär. Degişli döwürde «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan ne­bi­ti çy­kar­ma­gyň me­ýil­na­ma­sy 109% ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­me­giň me­ýil­na­ma­sy 108%; ben­zin ön­dür­me­giň me­ýil­na­ma­sy 102,8%; di­zel ýan­gy­jy­ny ön­dür­me­giň me­ýil­na­ma­sy 101,2%; çal­gy ýag­la­ry­ny ön­dür­me­giň me­ýil­na­ma­sy 121,1% ber­jaý edil­di. Su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy ön­dür­mek­de 102,2% ösüş dep­gi­ni üp­jün edil­di. Şeý­le hem ha­sa­bat döw­rün­de te­bi­gy we ugur­daş ga­zy çy­kar­ma­gyň me­ýil­na­ma­sy 102,5% ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.
Ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mekde in­no­wa­si­on önüm­çi­lik­le­riň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň eks­port kuw­wa­ty­nyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­me­gi, şeý­le hem ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni ug­rat­ma­gyň kö­pu­gur­ly tur­ba­ge­çi­ri­ji ul­ga­my­nyň dö­re­dil­me­gi mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýar.
Ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­tan–Öz­be­gis­tan–Ga­za­gys­tan–Hy­taý gaz ge­çi­ri­ji­si­niň kuw­wat­lyk­la­ry­ny tap­gyr­la­ýyn art­dyr­mak, stra­te­gik taý­dan mö­hüm tas­la­ma­ bolan Türk­me­nis­tan–Ow­ga­nys­tan–Pa­kis­tan–Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­ni gur­mak, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek tä­ze eko­lo­gik stan­dart­la­ryň çäk­le­rin­de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry paý­laş­mak, te­bi­gy ga­zy we ne­bi­ti çy­kar­mak, gaý­ta­dan iş­le­mek üçin ýur­du­my­za tä­ze en­jam­la­ry ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len, ma­ýa­dar­la­ry çek­mek gel­jek­ki iş­le­riň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­lar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, te­bi­ga­ta ant­ro­po­gen tä­si­ri azalt­mak üçin ne­bit se­na­ga­ty­nyň işi­niň eko­lo­gik taý­dan aras­sa­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň, ug­le­wo­do­rod ýa­tak­la­ry öz­leş­di­ri­len­de iň tä­ze en­jam­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­gyň, ener­gi­ýa çyk­da­jy­la­ry­ny azalt­ma­gyň we gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni, il­kin­ji no­bat­da, ýel we Gün ener­ge­ti­ka­sy­ny iş­jeň ös­dür­me­giň ze­rur­ly­gy ýü­ze çyk­ýar. Kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň howa goý­be­ril­ýän möç­be­ri­niň azal­dyl­ma­gy we te­bi­gy ga­za bo­lan is­le­giň art­ma­gy hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­giň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mä­ge çuň­ňur gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän döw­rün­de dün­ýä ener­ge­ti­ka­sy­nyň ösü­şin­de esa­sy uzak möh­let­le­ýin ugur­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ug­le­wo­do­rod çig ma­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­mek, ga­zy aras­sa­la­mak we suw­suz­lan­dyr­mak, tä­jir­çi­lik mak­sat­ly ga­zy ön­dür­mek, wo­do­rod sul­fi­din­den kü­kürt al­mak, ony gra­nul­ýa­si­ýa et­mek we gap­la­mak üçin hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän top­lum­lar gu­rul­ýar.

Ýaz­my­rat BÄ­ŞI­MOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.