Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 5-nji aprelinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen üç aýynyň jemlerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde uglewodorod çig mallarynyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyz nebitdir gazyň gorlaryna baý döwletleriň hatarynda bolmak bilen, bu ugurda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlaýar hem-de olary durmuşa geçirýär. Dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň kämil buraw desgalaryna we enjamlarydyr tilsimatlaryna eýe bolan türkmen gazçylary we nebitçileri uly üstünlikleri gazanýarlar. Nebit we gaz ýurdumyzyň ykdysadyýetini herekete getirýän güýç bolup durýar. Häzir hormatly Prezidentimiziň
goldamagy bilen pudakda döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek işleriniň giň gerimli maksatnamasy amala aşyrylýar. Kärhanalaryň durnukly işlemegi, baý serişdeleriň netijeli ulanylmagy we eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Gazyň hem-de energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna iberilýän möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistan gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýä bazaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyjy ugratmagyň köpugurly düzümini ösdürýär. Iri «Galkynyş» gaz käniniň gorlary «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklarynyň gorlary bilen bilelikde tebigy gazyň 27 trillion kub metrine golaý mukdarda kesgitlenip, ýurdumyzyň dünýäniň energetika bazaryndaky ornuny berkidýär.
Näzikjemal AGAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.