2021-nji ýyl­da Nor­we­gi­ýa­da sa­ty­lan aw­tou­lag­la­ryň 65%-ini elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän­ ulag­lar eme­le ge­ti­rip­dir. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ge­çen ýyl­ ýurt­da tä­ze aw­tou­lag­la­ryň sa­tu­wy 25% ar­typ, 170 müň­den ge­çip­dir. Şeý­le-de bol­sa, elektroulag­la­ryň sa­tu­wy­nyň ösü­şi ýurt üçin ýe­ne bir re­kord bol­dy. Çün­ki Nor­we­gi­ýa için­den ot al­ýan he­re­ket­len­di­ri­ji bi­len iş­le­ýän aw­tou­lag­la­ry sat­ma­gy bes eden il­kin­ji döw­let bol­ma­gy mak­sat edin­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da 5 mil­li­on ilat­ly Nor­we­gi­ýa, adam ba­şy­na düş­ýän elekt­rou­lag­la­ry­ň sa­ny bo­ýun­ça dün­ýä­de öň­dä­ki orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär. Bu­la­ryň hem­me­si ýur­duň hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan 2025-nji ýy­la çen­li ben­zin we di­zel bi­len iş­le­ýän tä­ze ulag­la­ryň sa­tu­wy­ny do­ly bes et­mek ba­ra­da­ky ägirt uly tas­la­ma­nyň bir bö­le­gi­dir. Bu mak­sat­lar üçin ýurt elekt­roulag­la­ry­ny sat­mak, şol san­da, sal­gyt ýe­ňil­lik­le­ri we şeý­le aw­tou­lag­la­ra ar­tyk­maç­lyk ber­mek ýa­ly hö­wes­len­di­riş çä­re­le­ri­ni ula­nyp baş­la­dy. Şol se­bäp­li Nor­we­gi­ýa­da şu ýyl elekt­rou­lag­la­ryň sa­tu­wy­nyň 80%-e çen­li ýo­kar­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.