8-nji oktýabrda edebiýat boýunça Nobel baýragy ABŞ-ly şahyr zenan Luiza Gluga “Kämil gözelligi bilen şahsyýetiň barlygyny köp taraply edýän özboluşly şahyrana sesi üçin” berildi. Luiza Gluk 1968-nji ýylda “Nowbahar çaga” atly goşgular ýygyndysy bilen ilkinji gezek häzirki zaman amerikan edebiýatynyň iň görnükli şahyrlarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Onuň galamyndan jemi 12 sany goşgular ýygyndysy çykdy. Luiza Glukyň eserleri aýdyňlyga ymtylmagy bilen tapawutlanýar. Çagalyk, maşgala durmuşy, ene-atalar, doganlar we uýalar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak onuň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr özüniň ajaýyp şygyrlaryny adatça, rowaýatlardan we nusgawy ýörelgelerden ylham alyp döredýär.