“Fountain Fuel” şereketi Niderlandlaryň Amersfort şäherinde ilkinji nol emissiýaly energiýa bekedini aýdy. Beketde elektroulaglara zarýad berip bolýar, şeýle hem wodorod ýangyçly ulaglara bu arassa ýangyjy guýup bolýar. şereketiň esaslandyryjysy Stefan Bredewold häzirki wagtda ýollarda wodorod ýangyçly ulaglaryň azdygyna ünsi çekip, guýujy beketleriň sanynyň artmagy bilen şeýle ulaglaryň hem köpeljekdigini belledi.
Kompaniýa şeýle beketleriň sanyny 2025-nji ýyla çenli on bire, 2030-njy ýyla çenli ellä ýetirmegi maksat edinýär.