Norwegiýa 1939-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Antarktidanyň Atlantik kenaryndaky uly bir meýdany öz çägi diýip ykrar etdi. Bu meýdan takmynan 2,500,000 km² bolup, Norwegiýanyň Şa zenany Moduň adyny (doly ady Mod Şarlotta Meri Wiktoriýa; 1869-njy ýylyň 26-njy noýabry – 1938-nji ýylyň 20-nji noýabry) göterýär. Hemişelik ilaty bolmadyk bu ýer diňe ylmy barlaglary geçirmek maksady bilen peýdalanylýar.
Ondan ozalky ýyllarda norwegiýaly syýahatçylar günorta polýusa birnäçe sapary amala aşyrýarlar. 1911-nji ýylyň 14-nji dekabrynda norwegiýaly polýar syýahatçysy Rual Amundseniň ýolbaşçylyk edýän topary adamzat taryhynda ilkinji bolup, Günorta polýusa baryp ýetýär.
1927-nji ýylda Birinji Norwegiýa ekspedisiýasynyň çäklerinde norwegiýaly syýahatçylar Antarktidanyň kenaryndan 1700 kilometr çemesi uzagynda ýerleşýän Buwe adasyna barýarlar. Şol ýylyň 1-nji dekabrynda syýahatçylar bu ýerde uzak wagtlyk galmak üçin ýerleşýärler. 1928-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda ada resmi ýagdaýda Norwegiýanyň territoriýasy hasap edilýär. 1929-njy ýylyň 2-nji fewralynda Ikinji Norwegiýa ekspedisiýasynyň çäklerinde norwegiýaly syýahatçylar Pýotr I adasyna ilkinji bolup aýak basýarlar. 1931-nji ýylyň 6-njy martynda uly bolmadyk bu ada resmi ýagdaýda Norwegiýa degişli edilýär.
1930-njy ýyllarda norwegiýaly Ýalmar Riser-Larsen atly uçarman bu sebite amala aşyrylan syýahata goşulýar. Onuň sebiti guşuçar belentlikden surata düşürmek üçin eden synanyşygy garaşylan netijäni bermeýär. Sebäbi deňiz uçary (uçýan gaýyk) kyn tebigy şertlerde bozulup, uzak wagtlap garyň içinde batyp galýar.