Nor­we­gi­ýa­da 10 müň ýyl ozal da­gyň de­pe­sin­dä­ki buz­luk­la­ryň ere­me­gi we te­bi­gy ha­dy­sa­la­ryň tä­si­ri ne­ti­je­sin­de tä­sin ga­ýa eme­le ge­lip­dir. Di­le meň­zeş uzyn ga­ýa «Troll­ýa di­li» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. 2010-njy ýyl­dan soň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da meş­hur bo­lan bu ga­ýa 700 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Troll­ýa di­li­ne bar­mak üçin Skeg­ge­dal dag­la­ry­nyň ge­riş­le­rin­de ýö­räp, 27 ki­lo­metr ýol geç­me­li bol­ýar. Ge­ze­lenç et­mek üçin 10-12 sa­gat wagt al­ýan bu ýer to­mus we güýz pas­lyn­da köp adam­ly bol­ýar. De­ňiz de­re­je­sin­den 1 müň 180 metr be­ýik­lik­dä­ki bu ga­ýa­nyň ete­gin­de owa­dan te­bi­ga­ty bi­len ta­nal­ýan Rin­ge­dals­wat­n at­ly köl bar. Troll­ýa di­li­ne iň ýa­kyn ýer­de Od­da şä­he­ri we Skeg­ge­dal oba­sy ýer­leş­ýär. Skeg­ge­dal dag­la­ry­nyň te­bi­ga­ty örän owa­dan bo­lup, kä­bir ga­ýa­la­ryň ara­syn­da köl­ler bar. Bu ýer­dä­ki ga­ýa­la­ryň be­ýik­li­gi 1 müň 500 met­re çen­li ýet­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da Troll­ýa di­li­ne ge­ze­len­je bar­ýan­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Nor­we­gi­ýa­nyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýan uzyn ga­ýa­ny gör­mek üçin her ýyl 80 müň­den gow­rak sy­ýa­hat­çy bar­ýar. Sy­ýa­hat­çy­lar ga­ýa­nyň üs­tün­de ýa­dy­gär­lik su­ra­ta düş­ýär­ler. Ýurt­da ga­ýa­ny go­rap sak­la­mak we te­bi­gy gö­zel­li­gi gel­jek ne­sil­le­re ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len bir­nä­çe çöz­güt­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýy­lyň bel­li dö­wür­le­rin­de – gar­ly, ygal­ly, ümür­li, şe­mal­ly gün­ler­de Troll­ýa di­li­ne adam goý­be­ril­me­ýär. Ýer­li we da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň howp­suz­ly­gy göz öňün­de tu­tu­lyp, ga­ýa­nyň üs­tün­de iýip-iç­mek, bök­mek we yl­ga­mak ga­da­gan edil­ýär. Uzyn ga­ýa­nyň üs­tün­de dag peý­za­žy örän owa­dan gö­rün­ýär. Troll­ýa di­li ki­no­da we sun­gat­da meş­hur bol­ma­sa-da, «Netf­lix»-iň «Rag­na­rok» se­ria­lyn­da (2020-2023ý.) gör­ke­zil­me­gi bi­len köp­çü­li­ge mä­lim edil­di.