19-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalary barada hasabat berdi. Şol meýilnamalara laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek göz öňünde tutulýar.
Halkara medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, taryhy-medeni ýadygärliklerde rejeleýiş, dikeldiş işlerini alyp barmak we ylmy taýdan öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi dowam etdirmek hem meýilleşdirilýär. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini, Türkmenistanda bolsa daşary ýurtlaryň Medeniýet günlerini guramak boýunça diplomatik ýollar arkaly degişli gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, işgärleriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, kompýuter sowatlylygyny ösdürmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär. Döwlet maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler dowam etdiriler.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň noýabrynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem daşary ýurtlaryň teleýaýlymlarynda görkezmek üçin ýurdumyzda geçiriljek, amala aşyrylýan syýasaty we Türkmenistanda gazanylýan üstünlikleri beýan edýän möhüm wakalara bagyşlanan dürli telegepleşikler taýýarlanylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere, Arkadag şäherinde guraljak Medeniýet hepdeligine gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz iş meýilnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada görkezme berdi.
Aýhan Hajyýewiň ýubileýi bellener
Soňra wise-premýer Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şekillendiriş sungatynyň meşhur ussadynyň ýubileýi mynasybetli onuň döredijiligine bagyşlanan sergini hem-de türkmen suratkeşleriniň, bu ugurda bilim alýan talyplaryň, muzeý işgärleriniň we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda “Pyragydan ruhlanan ussat” atly forumy guramak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ýubileýi mynasybetli bellenen çäreleri guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.