“Nvidia” kompaniýasy ABŞ-nyň hökümeti bilen täze, has ösen çipleri Hytaýa ibermäge rugsat almak maksady bilen gepleşik geçirýär diýip, kompaniýanyň baş direktor Jensen Huan aýtdy.
Golaýda “Nvidia”-nyň Hytaý bazary üçin täze emeli aň çipini işläp düzýändigi, kompaniýanyň Hytaýa iberilmegine rugsat berlen H20-den hem has güýçli B30A atly çipini döredýändigi habar berildi.
Geçen aý, “Nvidia” kompaniýasynyň baş direktory Hytaýa eden sapary wagtynda kompaniýanyň H20-den has ösen çipleri ýurda iberip biljekdigine umyt edýändigini aýtdy.