Kiçijik ada ýaly döredilen bu seýilgäh Nýu-Ýorkuň ýaşaýjylaryna we dünýäniň çar künjünden gelýän syýahatçylara ajaýyp gözelligi hödürleýär. Nýu-Ýorkda dünýäniň iň meşhur seýilgähleriniň biri bolan Merkezi seýilgähiň ýerleşýändigine garamazdan, 2021-nji ýylda açylan «Little Island» hem köpçüligi özüne çekýär. Şäheriň merkezinden akyp geçýän Hudson derýasynda gurlan bu seýilgäh 132 sany çigildem şekilli beton sütüniň üstünde ýerleşýär. Öň «Pýer 55» ady bilen tanalan bu seýilgäh häzirki wagtda «Kiçijik ada» diýlip atlandyrylýar. Seýilgähde amfiteatr, iki sany sahna meýdançasy we naharhana bar. Seýilgähdäki gyzykly wakalar iýun aýynda 687 orunlyk amfiteatrda başlanýar. Sentýabr aýynda bolsa bilim bilen bagly 500 töweregi çäre guralýar.
Seýilgähiň taslamasyny işläp düzen «Heatherwick» studiýasy kiçijik adany mümkin boldugyça ýaşyl meýdança öwürmegi maksat edinipdir. Seýilgähde agaçlaryň, gülleriň we gyrymsy agaçlaryň 350 görnüşi bar. Seýilgäh her pasylda dürli görnüşe eýe bolýar. Bu ýerdäki agaçlar güýz paslynyň gelmegi bilen gyzyl, altynsow reňke öwrülýär.
Futbol meýdançasyndan uly bolmadyk «Little
Island» bezegi we ýerleşiş özboluşlylygy bilen myhmanlarda uly täsir galdyrýar. Şeýle hem syýahatçylarda ekologiýa abadançylygy babatda oňaýly pikirleriň döremegine ylham berýär.