Ta­mam­la­nan 2024-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da oba ho­ja­ly­gyn­da hem uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 – 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na» hem-de «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 – 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny öz­gert­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam et­di­ril­di. 2024-nji ýyl­da içer­ki ba­za­ry mal­dar­çy­lyk we oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi ba­bat­da öz önüm­le­ri­miz bi­len üp­jün et­mek ba­bat­da­ky oba­se­na­gat önüm­çi­li­gi has pug­ta­lan­dy­ryl­dy.
Ge­çen ýyl­ oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len mö­hüm çöz­güt­le­riň bi­ri hem Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň gur­lu­şy­gy üýt­get­mek we bu pu­dak­da 5 sa­ny iri eda­ra­la­ry dö­ret­mek bol­dy. Ta­mam­la­nan ýyl­da «Türk­men­gal­laö­nüm­le­ri» döw­let bir­le­şi­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Azyk se­na­ga­ty döwlet bir­le­şi­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Mal­dar­çy­lyk we guş­çu­lyk se­na­ga­ty döwlet bir­le­şi­gi, «Türk­me­no­ba­hyz­mat» hem-de «Türk­men­pag­ta» döw­let kon­sern­i dö­re­dil­di.
2024-nji ýy­l­da 1 mil­li­on 400 müň ton­na­dan gow­rak guş­gur­sak bug­daý ha­sy­ly ýyg­nal­dy we 690 müň gek­ta­ra bug­daý ekil­di. Mun­dan baş­ga-da, bug­da­ýyň we pag­ta­nyň sa­tyn alyş nyrh­la­ry kö­pel­dil­di. Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň Yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry dö­re­dil­di. Şeý­le hem «Ser­dar», «Ar­ka­dag», «Py­ra­gy» atly bug­daý sort­la­ry dö­re­di­lip, olar hal­ka­ra oba ho­ja­lyk bi­ler­men­le­ri­niň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­dy.
Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­lar­da ila­tyň aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün edil­me­gi esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň şä­her­le­ri­niň, oba­la­ry­nyň suw üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak, suw how­dan­la­ry­nyň göw­rü­mi­ni, der­ýa­la­ryň, su­wa­ryş we la­gym ul­gam­la­ry­nyň ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­ler yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýar. Geçen ýy­lyň ahyr­yn­da Te­jen şä­he­rin­de kuw­wat­ly­ly­gy bir gi­je-gün­diz­de 30 müň kub metr bo­lan suw aras­sa­laý­jy des­ga, şeý­le hem Ak bug­daý et­ra­byn­da kuw­wat­ly­ly­gy bir gi­je-gün­diz­de 15 müň kub metr bo­lan la­gym su­wu­ny aras­sa­laý­jy des­ga açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­di.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de dün­ýä ho­ja­lyk ul­ga­my­na iş­jeň go­şu­lyş­ýan ata Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti be­dew ba­dy bi­len ös­ýär. Ama­la aşy­ryl­ýan şeý­le öz­gert­me­le­riň göz­ba­şyn­da daý­ha­ny ýe­riň ha­ky­ky eýe­si et­mek we mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu pu­da­gy­ny has-da ös­dür­mek we­zi­pe­si bar.

Döw­let­gel­di HA­RA­ÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.