11-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatyn­da we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, we­la­ýat­la­ryň bug­daý meý­dan­la­ryn­da ideg iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek ar­ka­ly al­nyp ba­ryl­ýar, hu­su­san-da, ösüş su­wu­ny tut­mak we mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, ha­şal ot­la­ra, zy­ýan be­ri­ji­le­re gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Go­wa­ça eki­şi­ni bel­le­nen möh­let­ler­de ta­mam­la­mak üçin ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. We­la­ýat­la­ryň ýe­ral­ma, so­gan hem-de beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri eki­len meý­dan­la­ryn­da ideg iş­le­ri do­wam ed­ýär, şeý­le hem ýü­pek gur­çu­gy­na ta­la­ba­la­ýyk ideg edil­ýär.
Mun­dan baş­ga-da, hä­kim­ler Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, we­la­ýat­lar­da şu ýyl açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, hä­zir­ki wagt­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li we bel­le­nen möh­let­ler­de ge­çi­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, go­wa­ça eki­şi­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­ny berk ber­jaý et­mek ar­ka­ly ge­çi­ril­me­gi­ni hem-de bug­da­ýa, ýaz­lyk ekin­le­re ideg et­mek iş­le­ri­niň bel­le­nen möh­let­ler­de ta­mam­la­nyl­ma­gy­ny berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ba­bat­da hä­kim­le­re bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le hem döw­let Baştutanymyz Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­lar­da gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len des­ga­lar­da we bi­na­lar­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän gur­lu­şyk iş­le­ri­niň berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­nyl­ma­ly­dy­gy­ny aý­dyp, bu ba­bat­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­dow ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da go­wa­ça eki­şi­ni bel­le­nen ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de, ýo­ka­ry hil­li ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ryn­dan we gu­ral­la­ryn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ýar. Bu iş­ler bi­len bir ha­tar­da gal­la­çy daý­han­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan, bug­da­ýyň ýo­ka­ry ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, ak ekin meý­dan­la­ryn­da ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ideg iş­le­ri, hu­su­san-da, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, ösüş su­wu­ny tut­mak, şeý­le hem ha­şal ot­la­ryň we zy­ýan­keş­le­riň ýü­ze çyk­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Wi­se-prem­ýer ila­ty­my­zy ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ýe­ral­ma, gök-bak­ja, beý­le­ki azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek, azyk üp­jün­çi­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, hä­zir­ki wagt­da ýe­ral­ma we so­gan eki­len meý­dan­lar­da ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ideg iş­le­ri­niň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny hem ha­bar ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­zir­ki wagt­da do­wam ed­ýän oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň, hu­su­san-da, go­wa­ça eki­şi­niň bel­le­nen ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de we ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di hem-de bu ba­bat­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň bug­daý, ýaz­lyk ýe­ral­ma, so­gan we beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri eki­len meý­dan­la­ryn­da ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­ny berk ber­jaý et­mek ar­ka­ly, ýo­ka­ry hil­li ge­çi­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak wi­se-prem­ýe­re tab­şy­ryl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry­na hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­ne ýüz­le­nip, şu gün­ler ýur­du­my­zyň ekin meý­dan­la­ryn­da do­wam ed­ýän oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­di, bug­da­ýa edil­ýän ideg iş­le­ri­niň dep­gin­le­ri­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, hu­su­san-da, ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.