19-njy noýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Sankt-Peterburg şäherine sapary başlady. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Saparyň esasy maksady — “Arkalaşygyň modasy” atly IV Halkara foruma gatnaşmakdan ybaratdyr. Bu ýerde GDA-nyň öňdebaryjy modaçylarynyň kolleksiýalary görkeziler.
O. Atabaýewa forumyň çäklerinde «Sagdyn bolmak modadyr» atly plenar mejlisde çykyş edip, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň barada gürrüň berer.
Forumyň guramaçylary — GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi bolup durýar.
Sapar çäklerinde döwlet, jemgyýetçilik we işewürlik toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar hem geçirilip, ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri, çagalary goldamak, şeýle hem medeni we haýyr-sahawat başlangyçlaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
PDF









