Sankt-Peterburgda geçirilýän «Arkalaşygyň modasy» atly halkara forumynyň çäginde Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwienko bilen Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň arasynda duşuşyk geçirdi. Bu barada Federal Geňeşiň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşyk GDA döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň we Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň guramagynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň goldaw bermegi bilen geçirilýän «Arkalaşygyň modasy» atly IV halkara forumynyň çäklerinde boldy. Forum ýeňil we döredijilik senagatynyň ösüşine, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hem medeni gatnaşyklaryň berkemegine gönükdirilendir.
Walentina Matwiýenko Russiýada Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerini, halkara arenadaky üstünliklerini uly üns bilen synlaýandyklaryny belledi.
Federasiýa Geňeşiniň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol Russiýa bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň şahsy goldawynyň we işjeň aragatnaşygynyň netijesinde dostluk we özara düşünişmek ruhunda ösdürilýändigini nygtady.
Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň möhümdigini we jemgyýetçilik ähmiýetiniň ýokarydygyny belledi.
Forumyň çärelerine degip geçip, Walentina Matwiýenko şu ýyl Sankt-Peterburgda görkezilýän Türkmenistanyň ekspozisiýasynyň iň wekilçilikli sergileriň biridigini belledi. Türkmenistanda ýeňil hem-de döredijilik senagatynyň örän baý däpleriniň bardygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa forumyň çäreleriniň täsir galdyryjylygyny belläp, Gaznanyň işi barada gürrüň berdi.
Taraplar medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Walentina Matwienko we Oguljahan Atabaýewa bilelikde Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň forum meýdançasynda görkezilen ekspozisiýalaryny synladylar.
Serginiň dowamynda Federasiýa Geňeşiniň Başlygy milli däpleriň saklanylmagynyň, şeýle hem önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak üçin mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagynyň möhümdigini belledi.
Serginiň netijeleri boýunça žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Walentina Matwiýenko sergide görkezilen önümçilikleriň häzirki zaman görnüşinde-de milli däpler bilen özara baglanyşygynyň ýokarydygyna uly baha berdi.
«Görkezilen işler ruhlandyrýar. GDA ýurtlary däplerini saklaýarlar we täze işläp taýýarlamalary görkezýärler. Forumyň meýdançasyna bolan isleg ýylsaýyn artýar. Täze şertnamalar, ylalaşyklar baglaşyldy. Biz hyzmatdaşlygymyzy has hem ösdürmegi we berkitmegi maksat edinýäris» diýip, Federasiýa Geňeşiniň Başlygy aýtdy.
«Arkalaşygyň modasy» atly IV halkara forumyna 30-dan gowrak ýurduň wekilleriniň gatnaşýar. Forum Arkalaşygyň çäginde möhüm integrasiýa guralyna öwrülip, onuň meýdançasynda tejribe alyşmagyň, milli moda we dizaýn däplerini saklamagyň we wagyz etmegiň, medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň hem-de göni dialoglaryň amala aşylmagyna giň mümkinçilikler döredilýär.