Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bilim özgertmeleriniň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde, ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary we halkara giňişliginde öz zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Munuň ajaýyp miwesi hökmünde mekdep okuwçylarymyzyň ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «FIRST Global Challenge 2026» robot tehnikasy boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmegini görkezmek bolar. Türkmen ýaşlary bu ýaryşda «Skills Challenge» ugry boýunça (ýekelikde) kümüş medala, «Winning Alliance» ugry boýunça (toparlaýyn esasda) bürünç medala mynasyp boldular.

7–10-njy oktýabr aralygynda Inçhon şäherinde geçirilen bu çempionatda dünýäniň 185 döwletinden gelen toparlar özara bäsleşdi. Milli toparyň düzüminde Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki dil ders­le­ri­ çuň­laş­dy­rylyp öwredilýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 97-nji or­ta mek­de­biň okuwçylary Suhan Nowbatow, Oraznyýaz Rejepow, Aznawur Çolukow, Daýhan Gurbanow we Arslan Babajyýew dagy ýokary taýýarlyk derejesini hem-de ussatlygyny görkezdiler.

Ýurdumyzyň adyndan çykyş eden topara Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew hem-de Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Dawut Gurbanow tälim beripdiler.

Her ýylda Olimpiýa oýunlary görnüşinde guralýan “FIRST Global Challenge” robot tehnologiýasy boýunça halkara bäsleşigi bu gezek tebigatda döreýän ýangynlara garşy göreşmekde innowasion çözgütleri tapmaga bagyşlandy.

Şeýle ýeňişler geljekde-de ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara bilim giňişligindäki abraýynyň has-da artmagyna hyzmat eder. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagy babatda ähli şertdir mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gözel Nurmämmedowa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.