UEFA Ýewropa Ligasynda çärýek finalyň jogap duşuşyklary oýnalyp, ýarym finala çykanlar belli boldy. Çärýek finalyň jogap oýunlarynyň biri taryhy wakalara baý bolup, ol futbolyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak duşuşyk hökmünde hasaba alyndy.

Bir hepde öň myhmançylykda geçiren oýnunda soňky minutlarda öňe saýlanyp, 90-njy minutdan soňam ýeňşi elden gideren “Mançester Ýunaýted” taryhy ýeňiş gazandy. “Old Trafford”-da Fransiýanyň “Lion” toparyny kabul eden iňlis kluby 1-nji ýarymda – 10-njy minutda Manuel Ugarteniň hem-de 45+1-nji minutda Diogo Dalotyň gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne 2-nji ýarymda “Lion” hasaby deňlemegi başardy. 71-nji minutda Tolisso hem-de 78-nji minutda-da Taliafiko tapawutlandy. 89-njy minutda “Liondan” Tolisso gyzyl kart alyp, meýdançadan kowuldy. Netijede, 1-nji duşuşygyň hasaby gaýtalanyp, ýeňiji goşmaça wagtda kesgitlenmeli boldy. 105-nji minutda “Lion” 1 oýunçy kemdigine garamazdan, Mattias Şerkiniň goly bilen öňe saýlandy. Ol 1-nji duşuşygyň ahyrynda-da hasaby deňläpdi. 110-njy minutda Alekdander Lakazett penaltini dürs urup, aratapawudy 2 gola çykardy. Ýöne ruhdan düşmedik mankunianlar 114-nji minutda Bruno Fernandeşiň penaltiden salan goly bilen az-owlak umytlandy. Hüjümlerini hasam artdyran “Mançester Ýunaýtediň” ýaş ýyldyzy Maýnu 120-nji minutda hasaby deňledi. 120+1-nji minutda bolsa “Ýunaýtediň” belli goragçysy Maguaýr iňlis kluby 5-4 hasabynda öňe saýlady. Galan minutlarda bolsa “Liona” gol geçirmek başartmady. Netijede, akla sygmajak bu oýundan soň, umumy hasapda 7-6 öňe geçen “Mançester Ýunaýted” ýarym finala adyny ýazdyrdy.