Geçen ýyl Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlary Fransiýa barýan syýahatçylaryň sanyny artdyrdy. Köp ýyldan bäri dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän ýurdy hasaplanýan Fransiýa Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe aşa köp syýahatçy sany zerarly ýüze çykýan meselelere wagtlaýyn däl-de, hemişelik çözgüt tapdy. Ýylyň ahyryna çenli bu pudak 266,2 milliard ýewro girdeji getirer. Bu görkeziji geçen ýyldakydan 3%, pandemiýadan ozalky döwürden 10% ýokary bolar. Ýurduň Hökümeti 2030-njy ýyla çenli halkara syýahatçylykdan alýan girdejisini 41% artdyrmagy maksat edinýär. Soňky 10 ýylda syýahatçy sany 18% artyp, 100 milliona ýetipdi. Ýurtda gastronomiýa, medeni we beýleki çäreler geçirilmek arkaly syýahatçy sany ýurduň dürli ýerlerine paýlanýar.
Gülzada GELDIMUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.