On bir aýyň sol­ta­ny mu­kad­des Re­me­zan aýy ýetip gel­di. Er­tir Ora­za aýy­nyň il­kin­ji gü­ni. Şu gün ýur­du­my­zyň met­jit­le­rin­de ta­ra­wa na­ma­zy oka­lar. Ça­ga­lar bol­sa ýa­re­me­zan aý­dyp, Re­me­zan aýy­nyň baş­la­nan­dy­gy­ny buş­la­ýar­lar.
Arap di­lin­de «sawm» we «si­ýam» söz­le­ri agyz bek­le­mek diý­me­gi aň­la­dyp, «Er­bet­lik, şer­den daş dur­mak, özü­ňi sakla­mak, bö­wet bol­mak» ma­ny­la­ryn­da ula­nyl­ýar. Ora­za se­lä­lik wag­ty­nyň gu­ta­ryp, er­tir na­ma­zy wag­ty­nyň gir­me­gi bilen baş­lap, tä Gün ýa­şyp, ag­şam na­ma­zy­nyň wag­ty baş­lan­ýan­ça ara­lyk­da hiç zat iý­män-iç­män, öz neb­si­ňi sak­la­mak diý­mek­dir. Ora­za tut­mak ys­la­myň bäş şer­ti­niň bi­ri­dir. Ora­za hem na­maz ýa­ly, be­den bi­len amal edil­ýän yba­dat­dyr. Bu yba­da­tyň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy yn­sa­ny er­bet­lik­den sak­la­ma­gy, neb­siň dür­li ham-hy­ýal­la­ry­ny jy­law­la­ma­gy­dyr. Mü­bä­rek Re­me­zan aýy tu­tuş Ýer ýü­zi üçin rah­met-mer­he­met aýy ha­sap edil­ýär. Mu­sul­man­la­ryň äh­li­si mü­bä­rek Re­me­zan aýy­nyň ge­le­ri­ne sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­lar.
Bu aý­da has köp ýag­şy­lyk et­mä­ge ça­lyş­ma­ly, çün­ki aýyň so­ga­by beý­le­ki aý­la­ryň­ky­dan has köp bol­ýar. Bi­rek-bi­re­ge mä­hir­li, hoş­gy­law bol­ma­ly. Ýar­da­ma mä­täç bol­sa, kö­mek et­me­li. Ata-ene­le­ri­miz, ýa­kyn ga­ryn­daş­la­ry­myz, dost-ýar­la­ry­myz bi­len ha­bar­la­şyp, hal-ah­wal so­ra­şyp dur­ma­ly. Bu aý­da has­sa­la­ryň ýag­da­ýy­ny so­ra­ma­gyň, ola­ra gol­daw-he­ma­ýat et­me­giň, ýag­şy gün­le­re, ýag­ty gel­je­ge umyt­lan­dyr­ma­gyň hem has uly so­ga­ba eýe ed­ýän­di­gi nyg­tal­ýar.
Ora­za tut­mak yn­san­la­ra yba­da­ty ber­jaý et­me­gi, şe­pa­gat­ly bol­ma­gy ün­de­ýär, neb­si­ne bu­ýur­ma­ga, ýa­ra­maz en­dik­ler­den sak­lan­ma­ga kö­mek ed­ýär. Agyz bek­le­me­giň il­kin­ji peý­da­sy ru­hy taý­dan tä­miz­len­mek­dir. Py­gam­be­ri­miz ha­dy­syn­da: «Ora­za tu­tuň, be­de­ni­ňiz berk we sag­dyn bol­sun!» di­ýip­dir. Agyz bek­le­mek yn­sa­nyň sag­ly­gy­na hem peý­da­ly bo­lup, iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­nyň işi­ni ýe­ňil­leş­dir­ýär. Agyz bek­le­mek köp ke­sel­ler­den go­ran­ma­ga we sap­lan­ma­ga hem ýar­dam ed­ýär. Bu dö­wür­de iç­ki be­den ag­za­la­ryn­da «tä­miz­le­niş işi» bo­lup geç­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Öm­rü­miň ma­ny­sy» at­ly ki­ta­byn­da «Ora­za tut­mak hem ru­hy, hem be­den sag­ly­gy üçin örän peý­da­ly­dyr. Bu aýy agyz bek­le­mek we köp ýag­şy iş­le­ri et­mek bi­len ge­çi­ren ada­myň göw­ni gal­kyn­ýar, ru­hy be­lent bol­ýar. Ru­hu­be­lent­li­giň bol­sa yn­sa­nyň be­den sag­dyn­ly­gy­na uly tä­sir ed­ýän­di­gi äş­gär­dir. Bu düz­gün­ler agyz bek­le­ýän adam­dan di­ňe iýip-iç­mek­den däl, eý­sem, ýa­ra­maz en­dik­ler­den hem ga­ça dur­ma­gy ta­lap ed­ýär» di­ýip bel­le­ýär.
Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy bol­sa, bu mu­kad­des aýy şeý­le be­ýan edip­dir:
Mag­tym­gu­ly, terk eý­le­me eda­syn,
Terk eý­le­seň – tu­ta­wer­gil ka­za­syn,
Mag­ny­sy­na ýe­tip bil­seň ma­za­syn,
Ajap pi­şe, ajap kär­dir bu ro­za.
Bu mu­kad­des aý di­leg­le­riň ka­bul bol­ýan aýy­dyr. Ora­za aýyn­da dün­ýäniň äh­li mu­sul­man­la­ry­na ýag­şy­lyk, eziz Wa­ta­ny­my­za tä­ze sep­git­le­re ýet­me­gi, hal­ky­my­za ag­zy­bir­lik, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ha­jy Ar­ka­da­gy­my­za, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyza berk jan sag­lyk, uzak ömür, il-ýurt bäh­bit­li tu­tum­ly iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç bol­ma­gy­ny di­leg ed­ýä­ris. Goý, Ora­za aýyn­da okal­jak do­ga-di­leg­ler, be­ril­jek sa­da­ka-pit­re­ler, her bir päk ar­zuw-ni­ýet­ler Be­ýik Al­la­nyň der­gä­hin­de ka­bul bol­sun!

Aga­röw­şen Işan­gu­ly­ýew,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tagtabazar etrap komitetiniň başlygy.