Günbatar Afrikanyň kenarýakasyndaky ada döwletiniň Merkezi saýlaw gullugynyň maglumatlaryna görä, Kabo-Werdeniň ozalky Premýer-ministri Žoze Mariýa Neweş ýurtda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. 17-nji oktýabrda geçirilen saýlawlaryň birinji tapgyrynyň netijesinde, Neweş sesleriň aglabasyna – 51,5%-ine eýe boldy. Neweş 2011-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli Premýer-ministr bolup işledi. Onuň esasy bäsdeşi ozalky hökümet başlygy Karlos Weýga täze Prezidenti ýeňşi bilen gutlady.