Krosswordyň soraglary

1. Aýakgabyň ýeňsesindäki gaty ýeri.
2. Iki zadyň ortalygy, ikara.
3. Ummanyň, deňziň, kölüň gury ýere süsňäp girýän öwrümi.
4. Ak we gara ýüňden egrilip edilýän örme ýüp.
5. Adamyň, haýwanlaryň, mörmöjekleriň ýöremek üçin hyzmat edýän beden agzasy.
6.
7. Eşret, şatlykly döwran, sapaly çag.
8. Kiçeňräk meýdança.
9. Oba hojalygyň ekerançylyk pudagy baradaky ylym.
10. Ýüze, el-aýaga çykýan suwly ýara.
11. Daşy ak, içi gyzgylt tozly kömelek.
12. Köp aýlawy bolan, göni däl, öwrümli.
13. l içinde gazanylan at we şöhrat, abraý.
14. Dünýäniň soňy, kyýamat.
15. Gara öýüň artky tärimleriniň sepleşýän ýeri, düýp tärim tarapy.
16. Atymy gereginden atylyp demlenen çaý, demini alan çaý.
17. Iki hem şondan köp reňkden ybarat.
18. Dört ýaşa ýeten teke.
19. Çekeleşikli, heläkçilikli.
20. Ala tutmak, bir gözde görmezlik.
21. Ýerden, suwdan peýdalanmagyň gadymy bir görnüşi.
22. Sport aýy.
23. Küşt oýnunda bir tilsim.
24. Bir atadan bolan, atalary bir.
25. Odun-çöp, mal-gara we ş. m. saklar ýaly çöp-çalamdan, palçykdan salnan agyl.
26. Talaňçylyk, çapawulçylyk.
27. Gawun-garpyzyň ýapragyna düşýän aktegmilli kesel.
28. Çäge gatyşykly takyr.
29. Çaga hüwdi aýdylanda gaýtalanýan sözler.
30. Hiç zat iýip-içmän, açlygyna.