Häzirki wagtda energiýany arassa çeşmelerden almakda, esasan, Gün beketlerinden we ýel turbinalaryndan peýdalanylýar. Tehnologiýanyň ösmegi netijesinde dürli görnüşli paneller we turbinalar işlenip düzülýär. Adatça Gün panelleri diňe Gün şöhlesiniň has ýiti düşýän tarapyna bakdyrylyp gurulýar. Hytaýda işlenip taýýarlanan ýaý şekilli Gün paneli bolsa adatdakylardan has ýokary netije görkezdi. Ýurduň Içerki Mongoliýa awtonom sebitinde ýaý şekilli panellerden gurlan ýurduň iň uly Gün bekedi bir ýylyň dowamynda jemi 330 million kW/sagat elektrik energiýasyny öndüripdir.
Täzelenýän energiýa beketlerini gurýan kompaniýa tarapyndan amala aşyrylan, önümçilik kuwwaty 100 MW bolan beketde öndürilen energiýa äpet batareýalarda saklanýar. Soňra bolsa, elektrik toruna iberilýär.
Beket 300 müň öýi elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.
Ýazgül AKYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
PDF









