1960-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Yrak, Eýran, Kuweýt, Saud Arabystany we Wenesuela Ne­bi­ti eks­port edi­ji ýurt­la­ryň gu­ra­ma­syny (OPEC) esaslandyrýar. Nebit karteliniň häzirki wagtda 13 agzasy bolup, global nebit önümçiliginiň üçden bir bölegine golaýyny çykarýar. Ýokarda agzalan bäş ýurtdan başga Al­žir, An­go­la, Kon­go, Ek­wa­to­ri­al Gwi­ne­ýa, Ga­bon, Ni­ge­ri­ýa, BAE we Liwiýa hem guramanyň agzasydyr. Şeýle hem 2016-njy ýylda OPEC+ ýurtlary döredildi. Bu ýurtlar gurama agza bolman, guramanyň nebit önümçiliginiň mukdary bilen baglanyşykly kararlaryny meýletin ýerine ýetirýärler. OPEC+ ýurtlary: Azer­baý­jan, Bah­reýn, Bru­neý, Ga­za­gys­tan, Ma­laý­zi­ýa, Mek­si­ka, Oman, Rus­si­ýa, Su­dan, Gü­nor­ta Su­dan.

Mundan başga-da Ekwador, Indoneziýa we Katar ozal agza bolup, soň agzalykdan çykdylar. Merkezi edarasy Wenada ýerleşýän gurama Kanada, Müsür, Norwegiýa we Oman synçy döwletler hökmünde gatnaşýar.