Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýy barha ýakynlaşýar. Ösüş-özgertmelere beslenen ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen külli türkmen halky il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda naýbaşy toýumyzy giňden, dabaraly belläp geçer.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň degişli maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna badalga berilmegi bilen, Garaşsyz Watanymyzyň geljekki ösüş tapgyrlarynyň üpjün edilmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu gün Türkmenistan senagat taýdan ösen döwlete öwrülip, önümçilik kärhanalary, zawod-fabrikler, önümleri gaýtadan işleýän kärhanalar, nebitgaz toplumynyň döwrebap desgalary yzygiderli açylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ykdysadyýetde, oba hojalygynda uly ösüşler gazanylýar.
Bu gün türkmen jemgyýeti parahatçylygyň, ynanyşmagyň, gözelligiň, hoşniýetliligiň maksatlaryny dabaralandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi esasynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy ugrunda mynasyp işler alnyp barylýar, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar, jemi içerki önümiň ösüş depgini bolsa, durnukly saklanýar. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdy senagat-innowasion ugur arkaly ösdürmek, telekeçilige giň şertleri döretmek we döwlet tarapyndan goldaw bermek, syýasy, ykdysady, durmuş-ýaşaýyş we kanunçylyk ulgamlarynda özgertmeleriň geçirilmegini göz öňünde tutýan ösüş ýoly oňyn netijeleri berýär.
Ine, şeýle üstünlikleriň üsti ýene-de bir täze önümçilik desgasy bilen ýetirildi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýerli çig malyň binýadynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, içerki hem daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän täze önümçilik desgasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda «Türkmenistanda öndürildi» diýen haryt nyşanly önümler halkara bazarlarda giňden tanalýar. Ýokary hili, ekologik taýdan arassalygy üçin bu harytlara uly isleg bildirilýär. Bu pudagy ösdürmekde türkmen ýaşlarynyň uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek.
Bu desga türkmen telekeçileri tarapyndan guruldy. Türkmen telekeçileri soňky ýyllarda iri önümçilik hem-de durmuş maksatly desgalary yzygiderli gurup ulanmaga berýärler. Şonuň üçin türkmen telekeçileri ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýär. 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzüminde 29 müňden gowrak telekeçi bar. Olar şol geçen döwürde 97 milliard manada golaý ýa-da 28 milliard amerikan dollaryna golaý 5 müň 300-den gowrak taslamany üstünlikli durmuşa geçirip, 425 müňe golaý iş ornunyň döredilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşdular. Şeýle hem türkmen telekeçileri sebitiň iri «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheriniň hem döwrebap derejede ösdürilmeginde mynasyp paýa eýedirler.
Häzirki wagtda Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler esasynda hereket edýän hususy kärhanalar alyp barýan işiniň gerimini has-da giňeldýärler. Olar innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan häzirki zaman kärhanalaryny gurýarlar we döwrebap önümçilikleri, täze iş orunlaryny döredýärler. Hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Şeýle hem içerki bazary azyk önümleri we halkyň sarp edýän harytlaryny üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň artýan möçberini dünýäniň 50-den gowrak ýurduna eksport edýärler.
Ýurdumyzda ýene-de möhüm senagat desgasynyň ulanmaga berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy üçin mynasyp sowgat boldy.
Baýramtäç ORAZTAGANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
uly mugallymy.