UEFA Çempionlar Ligasynda 4-nji duşuşyklaryň çäginde çarşenbe agşamyndaky oýunlarda 26 gol geçirildi. 4 topar myhmançylykda ýeňiş gazandy.

Nigeriýaly ýyldyz hüjümçi Wiktor Osimhen topary “Galatasaraýa” ýeňiş gazandyrmagyny dowam edýär. Myhmançylykda “Aýaksy” 3-0 hasabynda ýeňen stambullylaryň soňky 2-si 11 metrlik jerime urgusyndan 3 goluny hem 59-njy, 66-njy we 78-nji minutlarda Osimhen geçirdi. Osimheniň gollarynyň sany 6-a ýetip, ol iň köp gol salanlaryň sanawynda 1-nji orna beýgeldi.

Kipriň “Pafos” topary öz meýdançasynda “Wilýarrealdan” Lukasseniň 46-njy minutda geçiren ýeke-täk goly esasynda üstün çykyp, bu ýaryşyň taryhyndaky ilkinji ýeňşini gazandy.

Ýaryşa şowly başlan Azerbaýjanyň “Garabag” topary öz meýdançasynda “Çelsi” bilen utuklary paýlaşdy. 2-2 hasabynda deňlikde tamamlanan duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny Andrade (29) bilen Ýankowiç (39 p), myhmanlaryň gollaryny bolsa Günorta amerikaly ýaş futbolçylar Estawao (16) bilen Garnaço (52) geçirdi.

Ýaryşyň debýutantlaryndan “Kairat” myhmançylykda “Inter” bilen duşuşyp, italýan klubyna almatylylary ýeňmek ýeňil düşmedi. 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Interiň” gollaryny Lautara Martines bilen Augusto, myhmanlaryň ýeke-täk pökgüsini bolsa Arad derwezä girizdi.

Angliýanyň “Nýukasl” topary bassyr 3-nji duşuşygynda gol geçirtmezden ýeňiş gazandy. Bilbaonyň “Atletik” toparyny 2-0 hasabynda ýeňen iňlis toparynyň gollaryny Dan Börn bilen Žoelinton öz atlaryna ýazdyrdylar.

Germaniýanyň “Baýer” topary myhmançylykda “Benfikany” Patrik Şikiň 65-nji minutda geçiren ýeke-täk goly bilen ýeňlişe sezewar etdi. Iň kiçi hasaply ýeňiş Fransiýa hem bellige alnyp, Italiýanyň “Atalanta” topary Marsel Samaržiçiň 89-njy minutda geçiren goly esasynda utdy. Duşuşygyň başlarynda “Atalantanyň” belgiýaly oýunçysy De Ketelare 11 metrlik jerime urgusyndan ýerlikli peýdalanyp bilmedi.

Tapgyryň öňe saýlanan duşuşyklarynyň birinde “Mançester Siti” toparyna öz meýdançasynda “Borussiýa Dortmundy” ýeňmek kyn düşmedi. 4-1 hasabynda ýeňiş gazanan iňlis toparynyň gollarynyň 2-sini Fil Foden, beýlekileri Erling Holann bilen Şerki derwezä girizdi.

Myhmançylykda “Klub Brýugge” bilen duşuşan “Barselona” ýeňiş gazanmak başartmady. Ýer eýeleri duşuşykda 3 gezek öňe saýlandylar. Ýöne katalonlar her saparynda jogap goluny geçirmegi başardy we duşuşyk 3-3 hasabynda deňlikde tamamlandy. Çekeleşikli geçen duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny Tressoldi bilen Forbs (2) geçirse, myhmanlary Torres bilen Ýamal hem-de Solisiň awtogoly ýeňlişden halas etdi. 90-njy minutdan soň ýer eýeleriniň geçiren goly VAR tarapyndan hasaba alynmady.