Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-de taryhy rekord täzelendi. Hokkeý janköýerleri “Waşington Kapitals” toparynyň her duşuşygyna sabyrsyzlyk bilen ýetip, toparyň russiýaly super ýyldyzy Aleksandr Oweçkiniň şaýba geçirmegine garaşdylar we ine-de, ahyry taryhy rekordyň yzyndan ýetildi. 39 ýaşyndaky hokkeýçi toparynyň “Çikago Bläkhowks” toparyny 5:3 hasap bilen ýeňen duşuşygynda 2 şaýbany öz adyna ýazdyrdy. Ol duşuşygyň 4-nji hem-de 49-njy minutlarynda tapawutlanmagy başardy. Şeýlelikde, Oweçkiniň NHL-iň adaty möwsüminde geçiren şaýbalarynyň sany 894-e ýetdi. Bu bolsa 26 ýyllyk rekordyň gaýtalanmagy diýmekdir. Ýagny Oweçkin NHL-iň kanadaly rowaýaty oýunçysy Weýn Gretskiniň 26 ýyllyk rekordyny gaýtalady. Indi, Oweçkiniň öňünde adaty möwsümiň galan duşuşyklarynda ýene bir şaýba salyp, rekordy öz adyna geçiräýmek galdy.

Oweçkini rekordy bilen ilkinji bolup gutlanlaryň biri Gretski boldy. Ol duşuşyga stadionda tomaşa edip, oýundan soň eşik çalşyrylýan otaga baryp, Oweçkini rekorda şärik bolmagy bilen mähirli gutlady hem-de olaryň ikisi bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Oweçkin bolsa duşuşykdan öň Gretskiniň özüne “Het-trik et we rekordy täzele” diýip, telefonyna ýazgy ugradandygyny belläp geçdi.

Gretski bu taryhy rekorda 7110 günde ýeten bolsa, Oweçkine ony gaýtalamak üçin 7121 gün gerekli boldy. Oweçkin diňe 1 klubuň köýnekçesi bilen muny başaran bolsa, Gretski 4 klubda çykyş etdi. Gretski 1979-1999-njy ýyllar aralygynda 1487 oýunda 894 şaýba geçiripdi. Oweçkin bolsa 2005-nji ýylda, ýagny olam Gretski ýaly 20 möwsümiň dowamynda 1486 oýunda (kanadaly hokkeýçiden 1 duşuşyk az) 894 şaýba geçirdi.

Oweçkin NHL-de çykyş edip başlanyndan bäri adaty möwsümlerde iň köp gol salan möwsümi 2007/08 möwsümi boldy. Ol şol möwsümde 65 gezek tapawutlandy. Oweçkin 2005/06 möwsüminde 52 (81 oýunda), 2006/07 möwsüminde 46 (82), 2007/08 möwsüminde 65 (82), 2008/09 möwsüminde 56 (79), 2009/10 möwsüminde 50 (72), 2010/11 möwsüminde 32 (79), 2011/12 möwsüminde 38 (78), 2012/13 möwsüminde 32 (48), 2013/14 möwsüminde 51 (78), 2014/15 möwsüminde 53 (81), 2015/16 möwsüminde 50 (79), 2016/17 möwsüminde 33 (82), 2017/18 möwsüminde 49 (82), 2018/19 möwsüminde 51 (81), 2019/20 möwsüminde 48 (68), 2020/21 möwsüminde 24 (45), 2021/22 möwsüminde 50 (77), 2022/23 möwsüminde 42 (73), 2023/24 möwsüminde 31 (79), dowam edýän şu möwsümde-de 41 (60) gol geçirdi.