Germaniýanyň Hessen welaýatynda ýaş çatynjalara ilkinji öýüni alanlarynda pul kömegi berler. Eger iki çagaly maşgala jaý satyn aljak bolsa, olaryň özlerine 20 müň, 18 ýaşdan kiçi her çagasy üçin bäş müň, jemi 30 müň ýewro alar. Köp çagaly maşgalalara bolsa, has köp pul berler. Şu ýylyň 1-nji martyndan soň jaý satyn alanlar ýa-da mundan soňra jaý aljaklar ýeňillikden peýdalanyp bilerler. Öý aljak maşgalanyň girdejisine-de seredilmez. Ýeke-täk şerti maşgalanyň ilkinji satyn aljak öýi bolmagy ýeterlik. Maşgala beriljek pul jaýyň bahasynyň 6 göteriminden köp bolmaz. Öý üçin berilýän pul kömegi bir ýylyň dowamynda 10-a bölünip berler. Şeýle hem mundan peýdalanmak üçin ýurduň raýaty bolmagy hem talap edilmeýär. Maşgalanyň welaýatyň çäginde ýaşaýan bolmagy we şol welaýatdan jaý almagy ýeterlik.
Bu pul kömegi köpgatly jaýlardaky öýler üçinem, lýuks willalar üçin hem degişli bolar. Şeýle hem jaý satyn alanlar ony abatlamak üçin döwlet bankyndan ýeňillikli karz hem alyp bilerler. Ýerli häkimiýet, esasan, ýaşlaryň we täze maşgalalaryň öýli bolmagyny üpjün etmek isleýär. Şeýle hem ýerli häkimiýetiň ýolbaşçylary ýurduň hökümetini öý satyn aljak ýaşlary satyn alyş we satyş salgydyndan boşatmaga çagyrdy. Ýerli häkimiýetiň ýolbaşçylary her ýylda bu ýeňillikden peýdalanmak üçin 23 müň töweregi ýüztutmanyň bolmagyna garaşýarlar.