Ho­wa­nyň ys­sy gün­le­rin­de adam be­de­ni­niň su­wuk­ly­ga bo­lan is­le­gi has-da art­ýar. Adam­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi teş­ne­li­gi­ni gan­dyr­mak üçin gaz­lan­dy­ry­lan ýa-da reňk­li içim­lik­le­ri içe­ni­ni kem gör­me­ýär. Bu içim­lik­ler sag­lyk üçin zy­ýan­ly bo­lup, suw­suz­ly­gy gan­dyr­mak­da iň peý­da­ly­sy aras­sa agyz su­wy ha­sap­lan­ýar. Mun­dan baş­ga-da, öý şer­tin­de mi­we­ler­den taý­ýar­lan­ýan şer­bet­ler hem tom­suň jöw­za­ly gün­le­rin­de ja­na şy­pa ber­ýär. Ge­liň, te­bi­gy içim­lik­le­riň kä­bi­ri­niň taý­ýar­la­ny­ly­şy bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Hy­ýar­ly aý­ran. Me­ge­rem, hy­ýar­ly aý­ran to­mus pas­lyn­da iň köp içil­ýän içim­lik­le­riň bi­ri bol­sa ge­rek. 2 sa­ny hy­ýa­ry ow­nuk dog­ra­ma­ly ýa-da blen­der­den ge­çir­me­li. Üs­tü­ne is­le­ge gö­rä süz­me go­şup, aras­sa­la­nan agyz su­wu­ny az-az­dan gu­ýup, ma­za­ly gar­ma­ly. Bu içim­li­ge is­le­ge gö­rä, po­mi­dor, şi­bit, pet­ruş­ka, reý­han ýa-da nar­pyz ýa­ly gök ot­lary hem go­şup bol­ýar. Baş­ga bir usul­da bu içim­li­gi taý­ýar aý­ran ýa-da ga­tyk go­şup hem taý­ýar­lap bi­ler­si­ňiz. 96 gö­te­ri­mi suw­dan yba­rat hy­ýar C wi­ta­mi­ne we an­ti­ok­si­dant­la­ra baý gök önüm­dir. Hy­ýar su­wuk­ly­ga bo­lan is­le­gi ka­na­gat­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, im­mu­ni­te­ti hem güýç­len­dir­ýär.

Şe­ker­siz li­mo­nad. 4 sa­ny li­mo­ny mi­we sy­ky­jy­syn­dan ge­çi­rip, üs­tü­ne 1 na­har çem­çe bal hem-de 4 bul­gur suw goş­ma­ly. Ma­za­ly ga­ry­lan­dan soň, so­wa­dy­jy­da bir­ki sa­gat goý­ma­ly. Bu içim­li­ge şe­ke­re de­rek ary bal go­şul­ýar. C wi­ta­mi­ni­ni we an­ti­ok­si­dant­la­ry özün­de jem­le­ýän şe­ker­siz li­mo­nad ys­sy ho­wa­da iň go­wy içim­lik­le­riň bi­ri­dir.

Süýt­li ýer­tu­da­na. 5-6 sa­ny ýer­tu­da­na dä­ne­si­ni blen­der ula­nyp, ýa­rym bul­gur bi­şi­ri­len süýt bi­len gar­ma­ly. Taý­ýar bo­lan go­ýalt­ma 1 bul­gur buz­gaý­mak go­şup, ma­za­ly gar­ma­ly. C wi­ta­mi­ne baý bo­lan ýer­tu­da­na ho­les­te­ri­niň de­re­je­si­ni pe­seld­ýär. Şeý­le hem ýü­rek-da­mar ýet­mez­çi­li­gi­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Po­mi­dor şi­re­li mi­ne­ral suw. Tä­ze sy­ky­lan po­mi­dor şi­re­si­ne is­le­ge gö­rä mi­ne­ral suw hem-de nar­pyz go­şup, 3-5 mi­nut goý­ma­ly. Soň­ra bu içim­li­gi çem­çe bi­len ga­ryş­dy­ryp, gys­san­man iç­me­li. Po­mi­dor A, C we E wi­ta­min­le­re we fo­liý tur­şu­sy­na baý gök önüm­le­riň bi­ri­dir. Po­mi­dor Gün şöh­le­sin­den de­ri­ni go­ra­ma­ga hem-de be­de­niň gar­ra­ma­gy­ny gi­jik­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem nerw ul­ga­my­ny kö­şeş­dir­mek­de we ýü­rek ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­mak­da peý­da­ly­dyr.

Dal­çyn­ly gök çaý. Gök çaý to­mus pas­lyn­da iň köp içil­ýän içim­lik­le­riň bi­ri­dir. Gök çaý dem­le­nen­de oňa dal­çyn ta­ýa­jyk­la­ry­ny hem go­şup bi­ler­si­ňiz. Dal­çyn­ly gök ça­ýy gyz­gyn­ly­gy­na däl-de, so­wa­dyp iç­se­ňiz has lez­zet­li bo­lar. Dal­çyn aşa ys­sy­da gan ba­sy­şy­ny ka­da­ly sak­la­ma­ga, şeý­le hem ýo­kanç­lyk­la­ra we bak­te­ri­ýa­la­ra gar­şy gö­reş­mä­ge kö­mek ed­ýär.

So­wuk ko­fe. Dün­ýä­de iň köp içil­ýän içim­lik­le­riň bi­ri ko­fe ha­sap­lan­ýar. Köp­ler ko­fe­ni gyz­gyn­ly­gy­na iç­me­gi ha­la­ýan bol­sa, kä­bir adam so­wuk ko­fe­ni ha­la­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da so­wuk ko­fe ön­dür­ýän mar­ka­lar hem ýü­ze çyk­dy. So­wuk ko­fe­ni öý şer­tin­de hem taý­ýar­lap bol­ýar. Mu­nuň üçin dem­le­nen ko­fe­ni so­wat­ma­ly we buz gu­tu­la­ry­na gu­ýup, so­wa­dy­jy­da doň­dur­ma­ly. Soň­ra süýt bi­len ko­fe­li buz bö­le­jik­le­ri­ni ga­ryş­dyr­ma­ly. So­wuk ko­fe to­mus pas­lyn­da ha­lan­ýan içim­lik­le­riň bi­ri­dir.