«Aras­sa­çy­lyk – sag­ly­gyň gi­re­wi» di­ýil­ýär. Şol se­bäp­li aras­sa­çy­lyk iş­le­rin­den da­şa­ry, öý­dä­ki kä­bir es­bap­la­ry hem ýy­gy-ýy­gy­dan çal­şyp dur­ma­ly.
Diş çot­ga­sy. Aras­sa­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň iň esa­sy­la­ry­nyň bi­ri bo­lan diş çot­ga­sy her gün azyn­dan bir ge­zek ula­nyl­ýar. Diş çot­ga­syn­da aşa köp bak­te­ri­ýa­la­ryň top­lan­ýan­dy­gy­ny göz öňün­de tut­mak bi­len 2-3 aý­dan çal­şyp dur­ma­ly. Şeý­le hem her ge­zek ula­ny­lan­dan soň, diş çot­ga­sy­nyň su­wu­ny do­ly sy­ryk­dy­ryp, ga­by­na sa­lyp goý­ma­ly.
Ýa­pyn­ja. Kä­bir adam ýor­gan-dü­şe­giň da­şy­na ýu­ka­jyk ma­ta­dan daş­lyk tut­ýar. Köp­ler bol­sa, ýor­gan-dü­şe­giň üs­tü­ne ýa­pyn­ja ýa­zyp ulan­ma­gy kem gör­me­ýär. Ýa­tyl­ýan otag­da­ky ýor­gan-dü­şe­giň daş­ly­gy ýa-da ýa­pyn­ja hep­de­de azyn­dan iki ge­zek an­ti­bak­te­ri­al se­riş­de­ler bi­len ýu­wul­ma­ly. Şeý­le hem ýa­pyn­ja­la­ry gu­ran­dan soň, ütük­le­me­gi hem ýat­dan çy­kar­ma­ly däl.
Ýas­sy­gyň da­şy. Kel­lä­niň go­ýul­ýan ýe­ri bo­lan ýas­sy­gyň da­şy hem çalt ha­pa­lan­ýan öý es­bap­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýas­sy­gyň da­şy­ny hem ýa­pyn­ja­lar ýa­ly, her 2-3 gün­den ýu­wup, çal­şy­ryp dur­ma­ly.
Ma­ki­ýaž çot­ga­sy we pa­my­gy. Ge­lin-gyz­la­ryň köp ulan­ýan se­riş­de­le­ri­niň bi­ri bo­lan ma­ki­ýaž çot­ga­sy we pa­my­gy ýü­zü­ňe gö­nü­den-gö­ni öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. De­ri­niň sag­ly­gy üçin ma­ki­ýaž en­jam­la­ry­ny ýy­gy-ýy­gy­dan aras­sa­la­ma­ly we yzy­gi­der­li çal­şy­ryp dur­ma­ly.
Sin­te­tik sür­teç (gub­ka). Gap-gaç ýuw­mak üçin ula­nyl­ýan sin­te­tik sür­teç hem bak­te­ri­ýa­la­ryň jem­len­ýän ýe­ri ha­sap­lan­ýar. Her ge­zek ula­ny­lan­dan soň, sin­te­tik sür­te­jiň kö­pür­ji­gi­ni ma­za­ly sy­ryk­dy­ryp, ýö­ri­te gap­da goý­ma­ly. Şeý­le hem azyn­dan hep­de­de bir ge­zek çal­şy­ryp dur­ma­ly.
Ham­mam çal­gy­jy (polo­ten­sa). Ham­mam çal­gy­jy hem özü­ne çyg­ly­ly­gy siň­dir­ýän­di­gi we sak­la­ýan­dy­gy üçin bak­te­ri­ýa­la­ryň kö­pel­ýän ýe­ri ha­sap­lan­ýar. Şol se­bäp­li el-ýü­zü­ňi sü­pür­mek ýa-da ham­mam üçin ula­nyl­ýan ma­ta çal­gyç­lar her ge­zek ula­ny­lan­dan soň do­ly gu­ra­dyl­ma­ly ýa-da çal­şy­ryl­ma­ly. Şeý­le hem ham­mam­da­ky en­jam­la­ry ýy­gy-ýy­gy­dan an­ti­bak­te­ri­al se­riş­de­ler bi­len aras­sa­la­ma­ly hem-de ham­ma­my gu­ry sak­la­ma­ga ça­lyş­ma­ly.