Elektroulaglary öndürýän “Tesla” kompaniýasy sürüjiniň işini ýeňilleşdirýän awtomatlaşdyrylan tehnologiýalary hem işläp taýýarlaýar. Häzirki wagtda dünýäniň käbir şäherinde sürüjisiz hereket edýän taksiler bar. Emma sürüjisiz tehnologiýa awtoulag däl-de, tehnologiýa kompaniýalary tarapyndan işlenip taýýarlandy. Emma “Tesla” sürüjisiz ulaglary özi öndürmek isleýär. Golaýda kompaniýa sürüjisiz tehnologiýanyň ýeten derejesini görkezmek üçin zawoddan täze çykan ulagy ony satyn alan adamyň ýaşaýan jaýyna ugratdy. Aýdylyşyna görä, “Model Y” ulagynyň içinde hiç kim ýokdy we ol uzakdan hem dolandyrylmady. Ulag ýol hereketine açyk bolan adaty ýol bilen 15 mil uzakdaky täze hojaýynynyň ýaşaýan jaýyna gitdi. Bu aralykda ulagyň ýokary tizliginiň 72 mile ýetendigi mälim edildi.
“Tesla” golaýda Tehasyň Ostin şäherinde giň bolmadyk çäkde sürüjisiz taksi hyzmatyny ýola goýupdy.