Ör­dek­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri bo­lup, ola­ryň kö­pü­si owa­dan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Öý jandary hasaplanýan ördekleriň ýabany tebigatda 100-den gowrak görnüşi ýaşaýar. Çagalaryň iň gowy görýän guşlarynyň biri bolan ördegiň keşbindäki mult­film gah­ry­man­la­ry­nyň we oýnawaçlaryň bol­ma­gy ýö­ne ýer­den däl­dir. Te­bi­gy şert­ler­de ýa­şa­ýan ör­dek­le­riň iň owa­da­ny man­da­rin ör­de­gi ha­sap­lan­ýar. Dür­li reňk­li ýe­lek­le­ri bo­lan bu ör­dek, esa­san, Ýa­po­ni­ýa­da, Hy­taý­da we Rus­si­ýa­da ýa­şa­ýar. Te­bi­gy şert­ler­de ýa­şa­ýan bu jan­dar­la­ryň sa­ny o di­ýen köp däl. Guş­lar maş­ga­la­sy­nyň äh­li­sin­de bol­şy ýa­ly, ola­ryň ho­raz­la­ry has hem owa­dan reňk­li bol­ýar. Man­da­rin ör­dek­le­ri köl­le­riň, der­ýa­la­ryň go­la­ýyn­da­ky agaç kö­wek­le­rin­de hö­würt­ge ýa­sa­ýar­lar. Olar, esa­san, ot­lar hem-de ösüm­lik­le­riň to­humy bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Şeý­le hem ki­çi­räk ba­lyk­la­ry we beý­le­ki jan­dar­la­ry aw­la­ýar­lar. Owa­dan ýe­lek­le­ri bo­lan­ly­gy se­bäp­li, öý­ şert­le­rin­de hem sak­lan­ýan bu ör­dek­le­riň çüň­ki gy­zyl, gö­zü­niň gy­ra­la­ry ýa­rym aý­law gör­nüş­li ak, ýü­zi gy­zy­lym­tyl bol­ýar. Dö­şün­den dik­li­gi­ne ak çy­zyk ge­çip, be­new­şe reňk­li bol­ýar.
Man­da­rin ör­dek­le­ri uç­ma­ga örän ök­de bo­lup, bo­ýy 41-49 san­ti­metr, ga­na­ty­nyň ge­ri­mi 65-75 san­ti­metr ara­ly­gyn­da bol­ýar. Ola­ryň jüý­je­le­ri gys­ga wagt­da uç­ma­gy we ýüz­me­gi öw­ren­ýär­ler. Ör­dek­ler gyş pas­lyn­da has ýy­ly ýer­le­re göç­ýär­ler. Sü­ri bo­lup ýa­şa­ýan bu guş­lar beý­le­ki ör­dek­le­riň ara­sy­na go­şu­lyp, olar bi­len hem bi­le­lik­de ýa­şa­ýar­lar. Ola­ryň az san­ly­sy haý­wa­nat bag­la­ryn­da hem sak­lan­ýar. Gün­do­gar ýurt­la­ryn­da­ky kä­bir me­de­ni­ýet­ler­de man­da­rin ör­de­gi we­pa­ly­ly­gyň we söý­gi­niň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar.