ABŞ-nyň “Tripadvisor, Inc” syýahatçylyk kompaniýasy özbaşdak syýahat etmek üçin iň gowy ugurlaryň sanawyny hödürledi. Sanawda jemi 25 sany ýer bar. Sanawda birinji orny Irlandiýanyň paýtagty Dublin eýeledi. Ikinji orny Berlin, üçünji orny bolsa, London jemledi. Şeýle hem, ilkinji onluga Santýago, Edinburg, Nýu-Ýork, Hanoý, Madrid, Bali we Merkezi Keýptaun girdi.