Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Awazada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji  konsultatiw duşuşygyna  taýýarlyk görülmegine  bagyşlanan çäre geçirildi.

Ýokary derejede geçirilen çärä Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.

Çäräniň barşynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyny okady.

Soňra Prezident Şawkat Mirziýoýewe Türkmenistanyň bu ýokary döwlet sylagy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu ýokary döwlet sylagy bilen Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge, türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlygyny we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny berkitmäge, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik çäreleri arkaly Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan goşandy üçin sylaglandy.