Hem­ra ar­ka­ly al­nan mag­lu­mat­lar An­tark­ti­da­nyň üs­tün­dä­ki ozon de­şi­gi­niň gö­zeg­çi­li­giň bü­tin ta­ry­hyn­da iň ulu­la­ryň bi­ri bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­di. Onuň göw­rü­mi Bra­zi­li­ýa­nyň meý­da­nyn­dan üç es­se uly bo­lup çyk­dy. Sent­ýabr aýyn­da de­şik 26 mil­li­on ine­dör­dül ki­lo­met­re ýet­di. Hü­när­men­ler onuň ulal­ma­gy­nyň do­wam et­me­gin­den ho­wa­tyr­lan­ýar – ozo­nyň tü­ken­me­gi­niň ýo­ka­ry de­re­je­si, adat­ça, okt­ýabr aýy­nyň or­ta­la­ry­na düş­ýär.
Ozon de­şi­gi­niň ulu­ly­gy möw­sü­me gö­rä üýt­ge­ýär. Ol aw­gust aýyn­da, Gü­nor­ta ýa­rym şar­da ýaz dü­şen wag­ty ula­lyp baş­la­ýar we okt­ýabr aýyn­da ýo­ka­ry de­re­je­si­ne ýet­ýär. Tom­su­na (An­tark­ti­da­da ol de­kabr-few­ral aýy­na düş­ýär) de­şik ýa­pyl­ýar, se­bä­bi stra­tos­fe­ra­da­ky tem­pe­ra­tu­ra ýo­kar­lan­ýar we ozon gat­la­gy­nyň dar­ga­ma­gy­na ge­tir­ýän me­ha­nizm­ler gow­şap baş­la­ýar.
An­tark­ti­da­nyň üs­tün­dä­ki ozon gat­la­gy­nyň dar­gaý­şy il­kin­ji ge­zek 1985-nji ýyl­da bel­li bol­dy. XX asyr­da adam­zat se­na­gat­da ozon gat­la­gy­ny dar­ga­dy­jy mad­da­la­ry iş­jeň ulan­dy we bu hem ýa­ra­maz ne­ti­je­le­re ge­tir­di. Bu mad­da­lar Mon­re­al tes­wir­na­ma­sy ta­ra­pyn­dan ga­da­gan edi­len­den soň, ýag­daý kem-kem­den go­wu­la­şyp baş­la­dy. Ýö­ne ozo­na adam­la­ryň hä­zir­lik­çe gö­zeg­çi­lik edip bil­me­ýän beý­le­ki pro­ses­le­ri hem tä­sir ed­ýär.
Soň­ky üç ýyl­da ozon de­şi­gi adat­da­ky­syn­dan giç ýa­pyl­dy. Alym­lar mu­ny at­mos­fe­ra ozo­ny dar­ga­dy­jy tüs­se­le­ri goý­be­ren Awst­ra­li­ýa­da­ky to­kaý ýan­gyn­la­ry­nyň tä­si­ri bi­len bag­la­nyş­dyr­dy­lar.
“Ozon de­şi­gi 2023-nji ýyl­da möh­le­tin­den öň açyl­dy we ha­çan ýok bol­jak­dy­gy en­tek bel­li däl. Bir wer­si­ýa gö­rä, mu­nuň se­bä­bi Ton­ga wul­ka­ny­nyň güýç­li atyl­ma­gyn­da­dyr. Ol at­mos­fe­ra um­ma­syz suw bug­la­ry­ny çy­kar­dy” di­ýip, “The Dai­ly Ma­il” ha­bar gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.