3-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň, BMG-niň Senagat Ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) bilelikde yglan etmeginde geçirildi. Bu barada guramaçylar habar berdiler.
Ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni mynasybetli geçirilen “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady mekdep okuwçylarynyň ozon gatlagyny goramak baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden, ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden, ylmy-barlag we döredijilik ukyplaryny ösdürmekden ybarat boldy.
Bäsleşige paýtagtymyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7-12-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Olar “Ozon gatlagyny gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak üçin adamlar näme edip biler?” atly tema boýunça görkezme maketleri we taslama işlerini hödürlediler.
Netijede, 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň okuwçylary Ybraýym Hallyberdiýew, Akgül Akgaýewa, Aýşa Ataýewa, Stanislaw Demidowskiý dagynyň bilelikde taýýarlan işleri bilen mynasyp boldular. Ikinji orna Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçylary Ahmet Ahmedow bilen Alyhan Agamyradow mynasyp boldular. Üçünji orny Aşgabat şäheriniň 34-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gülnur Durdyýewa eýeledi.
“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň halkara işler boýunça hünärmeni Merjen Akyýewa bäsleşigiň ähmiýeti barada şeýle belläp geçdi:
“Ýaşlarymyzyň ekologiýa we klimat temalaryna uly gyzyklanma bildirýänligi bizi buýsandyrýar. Olar ozon gatlagyny goramak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak boýunça nähili ädimleri ätmelidigini görkezýän täzeçil maketleri we taslamalary hödürlediler. Bu bäsleşik olaryň döredijilik ukybyny açyp görkezdi.”
Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Gatnaşanlaryň ählisine degişli sertifikatlar berildi.