Home Blog Page 123

“World Wide Web”-iň teklibi ýaýradylýar

1990-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Tim Berners-Li “World Wide Web”-iň (Dünýä Ýaýran Tor) teklibini ýaýradýar. Häzirki wagtda giňden ulanylýan internetiň esasyny düzen Şweý­sa­ri­ýa­da­ky Uly ad­ron kol­laý­de­rin­de (CERN la­bo­ra­to­ri­ýa­sy) zähmet çekýän iňlis inženeri 1991-nji ýy­lyň 6-njy aw­gus­tyn­da ilkinji web saýty döredýär. Maglumatlara görä, häzirki wagtda 1 mil­liard 106 mil­li­ondan gowrak web saýty bolup, her sekuntda üç täze saýt döredilýär.

Suratda: Tim Berners-Liniň CERN la­bo­ra­to­ri­ýa­synda ulanan we dünýäniň ilkinji web serweri bolan “NeXT Computer” komýuteri.

Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 5 million 506 müň dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Estoniýanyň, Gonkongyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah ýüplük, pagta süýümi, ýeňil senagat önümçiliginiň galyndylary, arassalanmadyk guradylan buýan köki we baldagy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 58 million 625 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, binýatlyk ýagyny («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem pagta süýümini satyn aldylar.

Iň garry jübütler Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Maýamide ýaşaýan amerikalylar Laýl we Eleonora Gittensler dünýäniň iň garry jübüti hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy. Garry jübütler 1942-nji ýylda durmuş gurýar we häzirki wagtda olaryň umumy ýaşy 216 ýyl 132 gün. Olar ilkinji gezek 1941-nji ýylda Atlantadaky Klark uniwersitetiniň talyplary wagty duşuşýarlar. Olar özleriniň 83 ýyllyk bilelikdäki ömründe köp wakalary başdan geçirdiler. Laýl Ikinji jahan urşuna gatnaşdy, Eleonora bolsa 69 ýaşynda doktorlyk derejesini almagy başardy. Häzirki wagtda Laýl Gittens 108, Eleonora 107 ýaşynda bolup, jübüt nikalylaryň arasynda rekordy goýdular. Olar özleriniň 83 ýyl bile ýaşalan uzak we bagtly nikasynyň syryny biri-birimizi gowy görmegimizden ybarat diýip, uly buýsanç bilen belleýärler.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

Türkmenistanyň Serhet institutyna 2026/2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň TERTIBI

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň Kabul edilip başlanandygyny habar berýäris.
Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 ýyl. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haky we umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär. Serhet institutyna dalaşgärleri seçip almak we resminamalary kabul etmek işleri 2026-njy ýylyň 31-nji martyna çenli geçirilýär. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri şu aşakda görkezilen tertibe laýyklykda kesgitlenilýär:
— orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin ýagdaýda girmäge isleg bildirip arza ýazan raýatlaryň 24 ýaşy dolýança;
— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan raýatlar, çagyryş boýunça harby gullugy geçmezden, 25 ýaşy dolýança;
— borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar 25 ýaşy dolýança. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar. Instituta dalaşgärler şu aşakda görkezilen resminamalary doly we anyk taýýarlamaly:
— dalaşgäriň rektoryň adyna ýazan arzasy (habarnamasy). Arzada dalaşgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi we ýeri, bilimi, okan (okaýan) ýeri, gulluk edýän, işleýän ýeri we wezipesi, harby ady, hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy, okuwa kabul edilmegi barada haýyşy, ýurduň islendik künjeginde gulluk etjekdigi barada görkezilmeli;
— şahsy maglumaty we terjimehaly;
— ýaşaýan ýeri we maşgala agzalary barada güwänama;
— ata-enesiniň işleýän ýerinden berlen güwänama (eger işlemeýän bolsalar, işlemeýändigi barada güwänama);
— eger dalaşgäriň ejesi ýa-da kakasy aradan çykan bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da aýrylyşan bolsalar RÝNÝ bölümi tarapyndan berlen resminamanyň nusgasy; — dalaşgäriň soňky okan, işlän ýada gulluk eden ýerinden berlen häsiýetnamanyň asyl nusgasy;
— Serhet institutynda okamaga ýaramlydygy barada saglyk güwänamasy;
— pasportynyň göçürmesi (eger-de dalaşgär raýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Içeri işler bölüminden pasportyň resmileşdirilmändigi barada güwänama);
— harby şahadatnamasynyň göçürmesi;
— eger işleýän bolsa, edaranyň işgärler bölümi tarapyndan gol we möhür bilen tassyklanan zähmet depderçesiniň göçürmesi;
— orta bilim, başlangyç hünär ýa-da orta hünär bilimi barada resminamanyň asyl nusgasy;
— 1 sany 9х12 ölçegde, 9 sany 3х4 ölçegde başgapsyz düşülen fotosuratlary. Çagyryş ýa-da borçnama boýunça harby gullugy geçýän dalaşgärler fotosurata harby lybasda düşmeli.
Dalaşgärler nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin şahsy jogapkärçilik çekýärler. Raýat dalaşgärler giriş synaglaryny tabşyrmaga gelenlerinde, öz ýany bilen pasportyny, çagyryş boýunça harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, çagyryş we borçnama boýunça harby gullukçylar harby şahadatnamasyny getirmeli.
Serhet institutyna okamaga isleg bildiren dalaşgärler Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda türkmen dili, Türkmenistanyň taryhy, matematika boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça synaglary tabşyrmaly. Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.
Okuwa isleg bildirenler resminamalaryny tabşyrmak üçin ýaşaýan ýerlerine golaý Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli harby bölümlere ýüz tutmaly.
Dalaşgärler giriş synaglarynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda, seçip alyş iş toparynyň geňeşiniň çözgüdine laýyklykda okuwa kabul edilýär.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 175-nji jaýy.

Telefon belgileri: 40-49-60, 40-49-61, 40-49-26.

Bir ýyl öňem 10-njy noýabrda wezipesinden boşadylypdy

0

Italiýanyň “Atalanta” toparynyň 11-nji tapgyrda öz meýdançasynda “Sassuolodan” 3-0 hasabynda utulmagyndan soň, klubuň tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Iwan Ýuriçi wezipesinden boşadyldy. Topar onuň tälimçiliginde çempionatda 13-nji orna düşdi. Ýuriçiň tälimçilik eden 11 duşuşygynda “Atalanta” 2 gezek ýeňiş gazanyp, şonça sapar hem ýeňildi. 7 duşuşykda bolsa deňme-deň oýnady. Çempionlar Ligasynda bolsa 4 oýnuň birinde ýeňip, 2-sinde ýeňlişe sezewar boldy (1 deňlik). Şowsuz netijelerden soň 50 ýaşyndaky tälimçi 10-njy noýabrda topardan ugradyldy.

Ýeri gelende bellesek, Iwan Ýuriç geçen ýylyň hem 10-njy noýabrynda “Roma” toparynyň tälimçiliginden boşadylypdy. Ýuriç geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrlarynda “Premier Liganyň” wekili “Southempton” toparynyň tälimçiligine bellenip, şu ýylyň aprelinde-de şol wezipesini taşlapdy. “Southempton” topary aşaky liga düşüpdi.

“Atalanta” toparyny 9 ýyl türgenleşdiren Jan Piero Gasperini tomusda “Romanyň” tälimçisi wezipesine bellenilipdi.

14-16-njy noýabr aralygynda teatrlarda görkeziljek oýunlar

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry
15.11.2025ý. «Är we aýal» 19:00
16.11.2025ý. «Syrly sandyk» 19:00

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry
15.11.2025ý. «Talyp söýgüsi» 19:00
16.11.2025ý. «Gurbannazar Ezizow» 19:00

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry
14.11.2025ý. «Aç möjek» 11:00
14.11.2025ý. «Magnitafon» 19:00
15.11.2025ý. «Alty gelin» 19:00
16.11.2025ý. «Oskar» 19:00

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry
14.11.2025ý. «Свободные бабочки» 19:00
15.11.2025ý. «Раз и два» 12:00
15.11.2025ý. «Волки и овцы» 19:00
16.11.2025ý. «Золушка» 11:00
16.11.2025ý.«Золушка» 13:00
16.11.2025ý.«Андро и Сандро» 19:00

Türkmenistanyň mollanepes adyndaky talyplar teatry
15.11.2025ý. «Oýun bir, maza iki» 19:00
16.11.2025ý. «Gülki agşamy» 19:00

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry
15.11.2025ý. «Şowhunly tomaşa» 19:00
16.11.2025ý. «Älemgoşarly tomus» 19:00

Türkmen döwlet gurjak teatry
15.11.2025ý. «Altyn jüýje» 17:00
15.11.2025ý. «Çagaly öý bazar» 19:00
16.11.2025ý. «Böwenjik» 12:00
16.11.2025ý.«Böwenjik» 17:00
16.11.2025ý.«Çagaly öý bazar» 19:00

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry
14.11.2025ý. «Bir Aždarha bar eken» 17:00
15.11.2025ý. «Gülki sowgady» 19:00
16.11.2025ý. «Gumly gelin» 19:00

Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry
15.11.2025ý. «Şygyr diwany» 19:00
16.11.2025ý. «Gülki agşamy» 19:00

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry
15.11.2025ý. «Goňşular» 19:00
16.11.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» 19:00

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry
15.11.2025ý. «Geliň, gülşeliň!» 19:00
16.11.2025ý. «Gülki sowgady» 19:00

Toýotada “Toyota”-lylaryň ýeňşi

Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň 13-nji ýaryşy Ýaponiýanyň Toýota şäherinde geçirildi. 20 tapgyrdan ybarat 305,34 kilometrlik ýaryşda “Toyota Gazoo” toparynyň sürüjileri ýeňiş münberiň 3 ornuny hem eýelemegi başardy. Ýaryşy 3 sagat 21 minut 8,9 sekunt tamamlan fransiýaly Sebastian Ožie (“Toyota Gazoo”) ýeňiji boldy. Bu onuň şu möwsümdäki 6-njy, karýerasy boýunça-da 67-nji ýeňşidir. Ýeňijiden 11,6 sekunt yza galan “Toyota Gazoo” toparynyň britan piloty Elfin Ewans 2-nji, toparyň fin sürüjisi Sami Paýari bolsa 3-nji orny eýeledi. Çempionlyk üçin göreş alyp barýan finlýandiýaly Kalle Rowanpera 6-njy ýer bilen oňňut etmeli boldy.

Çempion Jidda şäherinde belli bolar

Şunlukda, Dünýä Ralli çempionatynyň 53-nji möwsüminiň tamamlanmagyna 1 ýaryş galanda, Elfin Ewans 272 utuk bilen sanawyň başyny çekip gelýär. Ondan 3 utugy az Sebastien Ožie 2-nji ýerde barýar. Çempion bolmak mümkinçiligi azalyp, garşydaşlarynyň görkezjek netijesine bagly bolan Rowanpera 248 utuk bilen 3-nji ýerde barýar. Çempiony kesgitlejek möwsümiň iň soňky, 14-nji ýaryşy 26–29-njy noýabrda Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçiriler.

«Tes­la» 1500 ro­bo­tak­si ön­dü­rer

Amerikan işewüri Ilon Mask şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li «Tes­la»-nyň 1 müň 500 ro­bo­tak­si ön­dü­rip bi­ljekdigini mälim etdi. «Tes­la» hä­zir­ki wagt­da, tak­my­nan, 150-200 aw­to­nom ulag se­riş­de­si­ni ulan­ýar. San-Fran­sis­ko aý­la­gyn­da we Os­tin­de me­ýil­leş­di­ri­len giň möç­ber­li iş­le­ri ba­ra­da mä­lim ed­en Mask ýy­lyň ahy­ry­na çen­li aý­lag se­bi­tin­de, azyn­dan, 1000, Os­tin­de bol­sa 500 ýa-da on­dan köp ula­gyň bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy.

Hindistan 1,5 million tonna şeker eksport eder

Hindistan hasyllylygyň ýokary bolmagy netijesinde 2025-2026-njy ýylda 1,5 million tonna şeker eksportyna rugsat bermegi meýilleşdirýär. Ýurtda ýokary hasylyň alynmagy has köp şeker öndürmäge mümkinçilik berer. Eksporty artdyrmak bilen ýurt içerki bazarda emele gelip biljek artyk önümi deňagramlylaşdyrmagy maksat edinýär. Ýurduň Azyk ministrligi 2024-2025-nji ýylda 1 million tonna şeker eksport etmäge rugsat beripdi.
Şekeriň Nýu-Ýork biržasyndaky bahasy şu ýyl 27 göterim arzanlap, soňky ýyllaryň iň pes derejesine ýetdi. Bahanyň pese gaçmagynda global önümçiligiň artmagy hem-de Indoneziýa we Hytaý ýaly esasy eksportçularyň isleginiň azalmagynyň täsirli bolandygy bellenilýär.

Mekgejöwen önümçiliginde rekord goýar

Hytaý 2025-2026-njy hasyl ýylynda mekgejöwen önümçiligini 300 million tonna ýetirmegi maksat edinýär. Bu görkeziji 1949-njy ýyldan bäri iň ýokary hasyl bolar. Ýurduň Oba hojalyk ministrliginiň aýlyk çaklamasy baradaky maglumatda (CASDE) 2025-2026-njy ýylda 300 million tonna mekgejöwen hasylyna garaşylýandygy bellenildi. “Bloomberg”-iň habar bermegine görä, köp hasyl netijeliligiň artmagy bilen baglanyşykly.
Ýurtda soýanyň önümçiliginiň howa şertleri sebäpli azda-kände pese gaçmagyna garaşylýar. Pagtanyň önümçiligi bolsa, artyp, 6,6 million tonna ýeter.

Özüne gereginden artyk energiýa öndürýär

Botswanada üçegi Gün paneli bilen örtülen kiçiräk gaýyk işlenip taýýarlandy. “Pangolin Voyager” atly kiçiräk suw ulagynyň aýratynlygy özüne gereginden artykmaç elektrik energiýasyny öndürýär.
Gäminiň üçinde meýdany 200 inedördül metr bolan 80 sany Gün paneli bolup, 22 kW-lyk elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. Batareýa we tok bilen işleýän motor bilen üpjün edilen gäminiň ýokary tizligi sagatda 35 kilometre ýetýär. Gezelenç gämisi Afrikanyň kenarlaryny ýakyndan synlamak maksady bilen işlenip taýýarlanypdyr. Uzynlygy 35 metre, ini 10 metre barabar bolan gaýygy Angliýanyň “Rad Propulsion” kompaniýasy öndüripdir. Gezelenç gaýygynda lýuks otaglar, syýahatçylaryň düşüren suratlaryny işlemekleri üçin kompýuter otagy ýaly aýratynlyklar bar. Pes tizlikde sessiz hereket edýän gämi ýabany jandarlary hem ürküzmeýär. Bu bolsa, syýahatçylara ýabany tebigaty has ýakyndan synlamaga mümkinçilik berýär.

Braziliýada COP30 howa sammiti açyldy

10-njy noýabrda Braziliýanyň Belem şäherinde Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň 30-njy maslahaty – COP30 öz işine başlady. Bu halkara forum dünýäniň dürli künjeginden döwlet Baştutanlaryny, hökümet wekillerini, ylmy-barlag institutlaryny, jemgyýetçilik guramalaryny hem-de işewür toparlary bir ýere jemledi. Bu maslahatda howanyň üýtgemegi boýunça çäreleri halkara derejesinde ileri tutulýan ugurlaryň öň hatarynda goýmak maksat edinilýär.
Maslahatyň açylyş dabarasynda COP29-yň başlygy Muhtar Babaýew geçen ýyl Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirilen sammitde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge çagyrdy. COP30-yň başlygy Andre Korrea du Lagu bu wezipäni özüne ynananlygy üçin Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa hoşallyk bildirdi we COP30-yň täze çözgütleri hödürlemäge tagalla etjekdigini belledi.
-Bütin dünýäde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulaşýar we gowulaşmagyny dowam etdirer. Ylym, bilim we medeniýet biziň ýöremeli ýolumyzdyr. Köptaraplaýyn özara hyzmatdaşlyk howanyň üýtgemegine garşy göreşde baş maksadymyz bolar – diýip, Andre Korrea du Lagu belledi.
Belem şäheri “Zeminiň öýkeni” hasaplanýan Amazon sebitiniň jümmüşinde ýerleşýär. Şonuň üçin COP30-nyň bu ýerde geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu forumyň dowamynda dürli ýurtlaryň täze milli maksatnamalary hödürlenip, ählumumy maýlamanyň derejesini +1,5 °C çäklerinde saklamak üçin anyk ädimler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle-de, tehnologiýanyň paýlaşylmagy, täze maliýe çeşmeleri, “ýaşyl” energetika we daşky gurşawy goramak boýunça başlangyçlar öňe sürüldi. Şonuň ýaly hem bu çärede howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we Pariž ylalaşygynyň global deňagramlylygyny durmuşa geçirmek ýaly başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. 21-nji noýabra çenli dowam etjek maslahata 190-dan gowrak ýurtdan we sebitden wekilçilikli toparlar gatnaşýar.

Bütindünýä origami güni

Her ýy­lyň 11-nji no­ýab­ryn­da Bü­tin­dün­ýä ori­ga­mi gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Hiç hi­li ýe­lim ulan­maz­dan, ka­gy­zy ep­le­mek we bir-bi­ri­ne geý­dir­mek ar­ka­ly dür­li şe­kil­le­riň ýa­sal­ýan bu sun­ga­ty ýa­pon me­de­ni­ýe­ti­ne mah­sus­dyr. 1900-nji ýyl­lar­da peý­da bo­lup baş­lan ori­ga­mi ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­da Ýa­po­ni­ýa­da we dün­ýä­de has meş­hur bo­lup baş­la­ýar. Adat­ça, ori­ga­mi­den dur­na­nyň şe­ki­li has köp ýa­sal­ýar.

Türkmenistanyň wekiliýeti döwlet dolandyryşy meselelerine bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdy

6-7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti döwlet dolandyryşy meselelerine bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahatynyň işine gatnaşdy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan guralan bu çärä dünýäniň 7 ýurdundan 3 müň adam gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda dolandyryş çözgütlerini kabul etmek işine ylmy barlaglaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, alymlaryň, döwlet gullukçylarynyň we telekeçilik ulgamynyň wekilleriniň arasynda tejribe we iň gowy gazananlary alyşmak boldy, şeýle hem häkimiýet edaralary üçin işgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ylym bilen döwletiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň gurallaryny ösdürmek boýunça teklipler işlenip düzüldi.
“Döwlet dolandyryşyň ählumumy ösüş ugurlary hem-de iň gowy tejribeleri” atly umumy mejlisde çykyş etmek bilen, A.Annamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işi barada giňişleýin gürrüň berdi. Bu ýerde ýolbaşçy işgärleri we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda hünärini kämilleşdirmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilen.
7-nji noýabrda A.Annamyradow bilen Russiýanyň Prezident akademiýasynyň rektory A.Komissarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Hereket edýän hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşygyň ähmiýetini nygtamak bilen, taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet gullukçylarynyň we işgär ätiýaçlyklarynyň goşmaça hünär bilimi boýunça bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, mugallymlaryň hünär taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak hem-de bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

101-nji kubogy

0

Gresiýanyň paýtagty Afinyda geçirilen “Hellenic Championship”-de serbiýaly Nowak Jokowiç çempion boldy. Ol finalda italiýaly Lorenzo Musettini 4:6, 6:3, 7:5 hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, Nowak Jokwowiç karýerasy boýunça 101-nji çemionlygyny gazandy. Jokowiç 100 ýaryşdan geçen 3-nji tennisçidir. Bu ugurda Jokowiçden öňde 103 çempionlyk bilen Rojer Federer hem-de 109 çempionlyk gazanan Jimmi Konnors bar.

Rybakina möwsümi jemledi

0

Tennis boýunça zenanlaryň arasyndaky ýylyň jemleýji ýaryşy “WTA Finals” tamamlandy. Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçirilen ýaryşyň finalynda gazagystanly Ýelena Rybakina bilen belarusly Aryna Sabalenka duşuşdy.  26 ýaşyndaky Rybakina güýçli garşydaşyny, sanawyň 1-nji belgili tennisçisi Sabalenkany 2 setde 6:3 we 7:6 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu onuň “WTA Finals”-daky ilkinji, umumylykda bolsa 11-nji çempionlygydyr. Umumy baýrak gaznasy 15,5 million amerikan dollaryna deň bolan ýaryşda Rybakina ýeňlişsiz çempionlyk gazanany üçin 5 million 325 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragynyň eýesi boldy.

Sabalenka bolsa 2022-nji ýyldan soň 2-nji gezek finalda ýeňildi. Jübütleriň arasyndaky bäsleşikde russiýaly Weronika Kudermetowa bilen belgiýaly Eliz Mertens çempionlyk gazanyp, olar finalda wengriýaly Timea Baboş bilen braziliýaly Luisa Stefaniden üstün çykdy.

Sanawyň öňdäki 8 tennisçisiniň gatnaşýan WTA Finals ýaryşyna Rybakina 1 aý öň gatnaşmak hukugyna eýe däldi. Ýöne Hytaýyň Ningbo şäherinde gazanylan çempionlyk hem-de 2 ýaryşda ýarym finala çykmagy oňa “WTA Finals”-a gatnaşmagyň gapysyny açdy.

1972-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu ýaryşda amerikaly Martina Nawratikowa 8, germaniýaky Şteffi Graf bilen amerikaly Serena Williams 5, amerikaly Kris Ewert 4 gezek çempionlyk gazandy.

Nauru garaşsyzlygy gazandy

1967-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Awstraliýanyň Parlamenti Naurunyň garaşsyzlygy baradaky karary kabul etdi. Şeýlelikde, Naurunyň BMG Ynam Zolagy diýlip atlandyrylýan ada garaşsyzlygyny gazandy. Resminama 1968-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girdi.
Häzirki wagtda dünýäniň iň kiçi garaşsyz ada ýurdy hasaplanýan Nauruda 12 müňe golaý ilat ýaşaýar. Meýdany 21 inedördül kilometre barabar bolan ada guşuçar belentlikden seredilende, ähli ýeri görünýär.

Dünýäde iň köp kitap okaýan ýurtlar

Amerikanyň Birleşen Ştatlary dünýäde iň köp kitap okaýan ýurtdur. “World Population Review” portalynyň maglumatlaryna görä, ortaça amerikaly ýylda 357 sagadyny okamaga sarp edýär, bu bolsa 17 kitap okamaga deňdir. Hindistan ikinji orunda (16 kitap we 352 sagat), ondan soň Beýik Britaniýa (15 kitap we 343 sagat) gelýär.
Fransiýa we Italiýa degişlilikde, dördünji we bäşinji orunlary eýelediler. Altynjy orunda bolsa ýylda 223 sagat we 11 kitap görkezijisi bilen Russiýa gelýär. Awstraliýa, Niderlandlar, Şweýsariýa we Ispaniýa hem ilkinji onluga girdi.

Iň köp tüwi sarp edýän ýurtlar

Tüwi dünýäniň ähli halklarynyň aşhanalarynda diýen ýaly ulanylýar. Bu däne köp ýurtda esasy iýmit bolup, sarp edilişiniň derejesi dürli-dürli. “WorldStats”-yň maglumatlaryna esaslanýan täze infografika, Mýanmanyň ýylda adam başyna 278,97 kilogram tüwi sarp etmek bilen dünýäde öňdeligi eýeleýändigini görkezýär. Ondan soň Komor adalary (274,51 kilogram), Gambiýa (256,4 kilogram), Kamboja (247,54 kilogram) we Bangladeş (246,85 kilogram) gelýär. Wýetnam, Laos, Filippinler, Şri-Lanka we Indoneziýa ilkinji onlugy doldurýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda dünýäde tüwi sarp edilişiniň, takmynan, 522 million tonna bolmagyna garaşylýardy. Bahalaryň ýokarlanandygyna garamazdan, bu önüme bolan isleg durnukly bolup galýar. Çaklamalara görä, 2025/26-njy ýyllarda, esasan hem, Afrika ýurtlarynda tüwüniň sarp edilişiniň has artmagyna garaşylýar.
Birleşen Ştatlaryň Oba hojalyk ministrligi (USDA) dünýäde şaly önümçiliginiň ösjekdigini çaklaýar. Ministrliginiň çaklamalaryna görä, Hindistanda we Günorta-Gündogar Aziýada hasylyň artmagy bilen umumy tüwi önümçiliginiň 541,6 million tonna ýetip biljekdigi çaklanylýar. Global tüwi söwdasy, esasan, Hindistanyň eksportynyň giňelmegi bilen, tas, 60 million tonna çenli artyp biler.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň doglan güniniň 110 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanyp ýatlama konserti geçirildi. Ilki bilen, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň ömri we döredijiligine bagyşlanan wideoýazgy görkezildi. Şeýle-de Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri, şahyr Tuwakgül Gylyjowa, Gara Seýitliýewiň agtygy, Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri Ogulsona Seýitliýewa hem-de Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlary Gara Seýitliýew hakynda birnäçe ýakymly ýatlamalary aýtdylar.
Konsertiň dowamynda şahyryň sözlerine Daňatar Öwezowyň sazyna döredilen “Leýla” aýdymy, “Balykçynyň aýdymy” arhiwde wideoşekilli ýazgy esasynda diňleýjilere görkezildi.
Gara Seýitliýewiň sözlerine halypa kompozitorlaryň döreden “Daň şemaly”, “Hallygözel”, “Enejan”, “Ýaşlyk aýdymyny”, “Şahyrym” ýaly birnäçe aýdymdyr sazlary konserwatoriýanyň mugallymlar we talyplary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Ýeri gelende belläp geçsek, ussat şahyrymyzyň goşgularynyň köpüsi kompozitorlar tarapyndan aýdym edilip bagşy-sazandalar tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirildi we halkyň kalbynda hemişelik orun aldy. Gara Seýitliýewiň goşgularyny şirin aýdymlara öwren kompozitorlardan Daňatar Öwezowy, Rejep Gutlyýewi, Andreý Babaýewi, Sahy Jepbarowy, Geldi Ugurlyýewi, Hydyr Allanurowy ýatlamak bolar.
Çeşme: https://www.medeniyet.gov.tm/